"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Şanly senä bagyşlandy

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Ähmiýetli çäreleriň giň toplumy Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilýändiginiň beýanyna öwrüldi. Mekdebiň girelgesindäki giň meýdançada ýerine ýetirilen köpçülikleýin maşklar röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş türgenleriň sagdynlyga ymtylyşyny görkezse, sportuň görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlarydyr beýleki çäreler dabaralaryň şowhunyny artdyrdy. Bu ýerde ýaşlar agyrlyk daşlaryny götermek boýunça bäsleşdiler. Tanap çekmek boýunça guralan ýaryşda mekdebiň toparlarynyň ýeňşe höwesi hem ynamy aýdyň şöhlelendi. Mekdebiň çäginde amala aşyrylan welosipedli ýörişler sport çäreleriniň toplumynyň iň gyzykly bölegini emele getirdi. Okuwçylarymyz bu ýörişe uly höwes bilen gatnaşdylar. Bu ýerde sportuň göreş görnüşleriniň hem ençemesi boýunça ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy. Göreş bäsleşikleri iň güýçli pälwanlary ýüze çykardy.

Saglyk. Sagdynlyk. Rowaçlyk

Saglyk bagtyýarlygyň hem ösüşiň esasydyr, rowaçlyklaryň, üstünlikleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzda bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleriň döredilmegi ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär. Gözel tebigatly Saglyk ýolundan ýöräp geçmek, açyk howada welosipedli gezelenç etmek, boş wagtlaryňy sport meýdançalarynda geçirmek soňky ýyllarda ýaşlar üçin asylly ýörelgä öwrüldi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň maýa goýum syýasatyny ösdürmekde, halkymyzyň saglygyny, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesliň beden we ylym-bilim kämilligini kemala getirmekde saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport we bilim ulgamlary uly ähmiýete eýedir. Bu babatda Türkmenistan ylym-bilimi, sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ýakyn geljekde hem-de uzak möhletleýin döwürde ösdürmäge gönükdirilen beýik işleri alyp barmak bilen, dünýä nusgalyk görelde görkezýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň «Saglyk – abatlyk» diýen bölüminde «Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadadyr» diýip jaýdar belläp geçýär. Türkmen halky müňýyllyklara

Futbol täzelikleri

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Esasy duşuşykda Arkadag şäheriniň «Arkadag» topary «Ahaly» uly hasap bilen (4:1) ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, 12 utuk toplan «Arkadag» topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Aşgabat» toparyny kabul eden «Şagadam» çempionatdaky 2-nji ýeňşini gazanyp (1:0), ýaryş tertibinde eýeleýän dördünji ornunda galdy. 7 utuk toplan «Aşgabat» üçünji orny eýelemegini dowam edýär. Paýtagtymyzyň «Altyn Asyry» Balkanabat şäheriniň «Nebitçisini» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Meşhur pälwan

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Garagum sährasynyň Göbekli obasynda çarwa maşgalasynda dünýä inip, häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Herrikgala ýaşaýyş toplumynda ýaşaýan, ençeme toýlary baglan Gul ogly Momma pälwan (halk arasynda tutulýan ady Kakageldi Gul pälwan) şeýle gürrüň berýär: «1979-njy ýylda, Derweze şäherçesiniň ýanyndaky Goşatakyr obasynda bolan toýda nesibämiz çekip, Muhammetberdi bilen duşuşdyk. Toý eýesi uly dört jübütlige girýän pälwanlara dört ogşugy baýrak goýdy. Gökdepe sebitinden bagajadan Muhammetberdi teleke pälwan, körsagyrdan Bäşim pälwan, Ahal geňeşliginden Gurbangeldi pälwan, Tümen-Çyrladan bolsa Gul Hojrap pälwan dagy orta çykdy. Olaryň garşysyna Garagum sährasynyň Goşalaň guýusyndan Berdi aç, Portdan Çopan işan pälwan, Mämmetýardan Berdi Welleň pälwan, Göbekliden bolsa men çykdym. Baýraga goýlan ogşuklaryň ikisine Muhammetberdi teleke pälwan Berdi Welleň pälwany, Bäşim pälwan bolsa Aman ajy ýeňip mynasyp boldular. Çopan işan pälwan Gul Hojrap pälwany, men bolsa Gurbangeldi pälwany ýeňip, iki ogşugy biz aldyk. Muhammetberdi ägirt gara güýjüň eýesi bolmak bilen, mümkinçilige görä çepine göterip urmaga ussatdy...».

Şowhuna beslenen hepdelik

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» atly sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlar hem-de açyk gapylar hepdeligi geçirilýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda guralan fijital-sport ýaryşlary şu gün tamamlanýar. Fijital-sport (hereketli-sanly sport) – sportuň toplumlaýyn görnüşi bolup, türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem sanly wirtual dünýäde garşydaşy bilen bäsleşýär. Ol «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň birikmeginden dörän «hereketli-sanly sport» diýen manyny berýär.

Diňe hokkeý hakynda

Diýarymyzda hokkeý boýunça geçiriljek halkara ýaryşyň barha golaýlaşýan günlerinde sportuň bu görnüşiniň taryhy hakynda gysgaça söhbet etmegi makul bildik. Häzirki wagtda hokkeý sportuň gyşky görnüşleriniň arasynda iň meşhury bolup, onuň dörän ýeri Kanada hasaplanylýar. Ilkinji hokkeý oýny 1875-nji ýylyň ýaz paslynda Monreal şäherinde geçirilýär. Şondan 11 ýyl geçeninden soňra, ýagny 1886-njy ýylda bu oýna resmi kadalar girizilýär. Hut şol ýylda hem Kanadanyň we Beýik Britaniýanyň toparlarynyň arasynda taryhy duşuşyk geçirilip, onda hokkeýiň dörän ýurdunyň wekilleri ýeňiş gazanýarlar. 1899-njy ýylda bolsa ilkinji hokkeý arenasy açylýar, soňra bolsa emeli buzdan hokkeý meýdançalary ulanmaga berlip başlanýar.

Bedenterbiýe we sport

Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň dabaralanmagy ýa­ly aja­ýyp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän her bir ada­myň mer­te­be­si­ni beý­gelt­mek hem-de onuň bagt­ly ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mek ba­ra­daky ala­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Hu­su­san-da, ýaş ne­sil ba­ra­da­ky ala­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tut­ýan ug­ru­na öw­rül­di. Ýaş nes­liň ter­bi­ýe­si­ne, ylym­ly-bi­lim­li bol­ma­gy­na, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy­na, Wa­ta­ny­my­za, il-gü­nü­mi­ze we­pa­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne, her bir iş­de öz şah­sy jo­gap­kär­çi­li­gi­ni duý­ýan nes­liň ke­ma­la gel­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň ara­syn­da dür­li wa­gyz-ne­si­hat, sport we me­de­ni-köp­çü­lik çä­re­le­riniň, dür­li bäs­le­şik­le­riň ge­çi­ril­me­gi hem ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi

Sport mekdeplerinde

1-2-nji aprelde Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda ýetginjekleriň arasynda kiçi futbol boýunça Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa welaýatyň şäherlerinden we etraplaryndan toparlar gatnaşdy. Finalda ýer eýeleri bilen Ak bugdaý etrabynyň topary duşuşdy. Netijede, ýaş olimpiýaçylar 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, çempion bolmagy başardylar. Maksatnyýaz MEREDOW,

Türgenleri taplaýan ýaryşlar

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, suwda pökgi oýnamak boýunça hem dürli derejeli ýaryşlar geçirilýär. Şeýle ýaryşlarda institutymyzyň topary üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Fewral aýynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda geçirilen ýaryşda «Talyp sporty» toparymyz öňdeligi eýeledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Suwdaky sport görnüşleriniň federasiýasynyň guramagynda suwda pökgi oýnamak boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Oňa welaýatlaryň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlary gatnaşdy. Bu ýaryşda hem Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary öňdeligi eýelemegiň hötdesinden geldi. Ýygyndy toparyň düzüminde ýokary okuw mekdebimiziň talyplary hem çykyş etdiler. Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň taýýarlan sowgatlary gowşuryldy.

Taryhda şu gün

1896-njy ýylyň 6-njy aprelinde ilkinji gezek guralan häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Gresiýanyň paýtagty Afiny şäheriniň «Mermer» stadionynda geçirilen açylyş dabarasyna 80 müň tomaşaçynyň gatnaşandygyny bellemek gerek. Halkara Atletik kongresiniň 1894-nji ýylyň 23-nji iýunyndaky ýygnagynda antik döwrüniň oýunlaryny dikeltmek barada Pýer de Kuberteniň teklibi gyzgyn goldaw tapýar. Ýygnagyň dowamynda ilkinji Oýunlary Gresiýa ynanmak barada ylalaşyga gelinýär. 6 – 15-nji aprel aralygynda geçirilen Oýunlara 14 döwlete (Awstraliýa, Bolgariýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Gresiýa, Daniýa, Italiýa, ABŞ, Fransiýa, Çili, Şweýsariýa, Şwesiýa, Awstriýa, Wengriýa) wekilçilik eden türgenleriň 241-si gatnaşmaga isleg bildirýär. Türgenler sport görnüşleriniň 9-synda (nusgawy grek-rim göreşi, welobäsleşik, gimnastika, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, tüpeňden ok atmak, tennis, agyr atletika, gylyçlaşmak) medal sanawynyň 43-si ugrunda bäsleşýärler. ***

Ýeňiş bilen Tejenden Türkmenabada

Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň «Altyn ýyldyz» futbol topary 2010-njy ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda Tejen şäherinde geçirilen Ahal welaýatynyň açyk birinjiligine gatnaşyp, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyna we altyn medala mynasyp boldy. Mekdebiň tälimçi-mugallymy Halmuhammet Gurbanowyň şägirtleri Ahal, Daşoguz, Mary welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gatnaşan toparlaryň arasynda iň ýokary netijäni görkezmegi başardylar. Duşuşyklarda Ahal welaýatyna wekilçilik eden «Tejen» toparyny 2:0, Daşoguzyň «Nesil» toparyny 5:0, Mary welaýatynyň «Ýaşlyk» toparyny 1:0 hasabynda ýeňen lebaply futbolçylar diňe paýtagtymyzyň «Garagum» toparyndan 1:3 hasabynda asgyn geldiler. Muňa garamazdan, garşydaş toparlaryň özara duşuşyklarda utuk ýitirmegi bilen, bir aýlawdan ybarat bolan ýaryşda birinjilik Lebap welaýatyndan baran futbolçylara nesip etdi.

Köpçülikleýin bedenterbiýe maşklary giňden ýaýbaňlandyrylýar

Halkyň arasynda bedenterbiýe we köpçülikleýin sport hereketlerini ýaýbaňlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, indi her ýyl ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary dürli sport çäreleri, ýörüşler, sport ýaryşlary, çempionatlar we köpçülikleýin bedenterbiýe maşklary bilen utgaşýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalarda hem bedenterbiýe maşklary giňden ýaýbaňlandyryldy. Olara  dürli ulgamlarda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda zähmet çekýän işgärler, talyp ýaşlar, mekdep okuwçylary we beýleki raýatlar işjeň gatnaşdylar.

Talyplar ylgaw ýodasynda

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda estafeta ýaryşy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ýokary, ýörite we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Oglanlaryň arasynda guralan ýaryşda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türgenleri birinji orna mynasyp boldular. Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň topary ikinji, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär mekdebiniň topary üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda guralan ýaryşlarda Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär mekdebiniň talyplary birinji, Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gyzlary ikinji we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Şäheriň birinjiligi geçirildi

Sport mekdebimizde sambo we söweş sambosy, dzýudo, kuraş boýunça Türkmenabat şäheriniň birinjiligini almak ugrunda ýaryş guraldy. Oňa welaýat merkeziniň sport mekdeplerinde tälim alýan ýaş pälwanlaryň 250-den gowragy gatnaşdy. 2011 — 2012-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda guralan ýaryşlarda oglan-gyzlar agram derejeleriniň 7-si boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli we gyzgalaňly häsiýete eýe bolan tutluşyklarda sport mekdebimiziň türgenleri baýrakly orunlaryň aglabasyny eýelediler. Olardan Merjen Açilowa, Firangiz Karýagdyýewa, Şatlyk Gurbanow, Serdar Şeripow, Myrat Maksadow, Döwletjan Röwşenow dagy öz agram derejelerinde birinjiligi gazandylar. Ýaryşyň dowamynda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň ussat tälimçisi Şirin Kubaýewanyň türgenleri Zuhra Babamuradowa we Dünýägözel Rozynýazowa hem öz agram derejelerinde öňdeligi elden bermediler. Ýeňijiler degişli medallar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldylar.

Sport

Gyzykly geçen tutluşyklar Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Görogly etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde türkmen milli göreşi boýunça ýaşlaryň arasynda welaýatyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa Akdepe, Görogly, Köneürgenç, Ruhubelent, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplaryndan deslapky saýlama ýaryşlarda ýeňiji bolan pälwanlar gatnaşdylar.

Sport

Giň gerime eýe bolýan ýaryşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky görkezmelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Daşoguz şäheriniň orta mekdepleriniň 2008 — 2010-njy ýyllarda doglan  okuwçy oglanlarynyň  arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» ady bilen sportuň erkin göreş görnüşi boýunça şäher birinjiligi geçirildi. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölümi welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde guradylar. Aýlaw esasynda geçirilen bu ýaryşda ýaşajyk türgenler 38,41,44,48,52,57,62,68,75 kilogram agram derejelerde bäsleşdiler. Şeýlelikde, 38 kg agram derejede Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdepden Sanjar Hamidow, 41 kg agram derejede 23-nji orta mekdepden Muhammet Saryýew hem-de 44 kg agram derejede Nadirbek Mamedow, 48 kg agram derejede 16-njy orta mekdepden Arslan Toýlyýew, 52 kg agram derejede 28-nji orta mekdepden Kemran Jumaniýazow, 57 kg agram derejede 16-njy orta mekdepden Ahmet Açilow, 68 kg agram derejede 30-njy orta mekdepden Behruz Atajanow, 75 kg agram derejede 28-nji orta mekdepden Ýerlan Aliýew dagy bi

Ökdeler öňe saýlandylar

Welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäherindäki 15-nji orta mekdepde orta mekdepleriň mugallymlarynyň arasynda woleýbol boýunça şäher birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Gyzykly geçen ýaryşda ökdeler öňe saýlandylar. Onda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň topary öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, birinji orny eýelemegi başardylar. 34-nji orta mekdebiň topary ikinji, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň mugallymlary üçünji orna mynasyp boldular.

«Baýer» çempionlyga barha golaýlaýar

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň ýeň­liş­siz li­de­ri «Ba­ýer» bu de­re­je­si­ni soň­ky mi­nut­lar­da hem bol­sa go­ra­ma­gy ba­şar­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da «Hof­fen­haý­my» ka­bul eden «Ba­ýer» to­pa­ry 33-nji mi­nut­da Mak­si­mil­li­an Ba­ýe­riň go­lu­na alaç ta­pyp bil­me­di. Ýer eýe­le­ri­ne bu go­la jo­gap ber­mek ýe­ňil düş­me­di. 88-nji mi­nut­da And­rih bi­len ha­sa­by deň­län le­wer­ku­zen­li­le­re ýe­ne-de Pat­rik Şik 90+1-nji mi­nut­da ge­çi­ren go­ly bi­len ýe­ňiş ge­tir­di. Şun­luk­da, «Ba­ýe­riň» ýe­ňil­me­zek­li­gi 39 oý­na çyk­dy. Tap­gy­ryň iň esa­sy oý­nun­da, «Der Klas­si­ker» du­şu­şy­gyn­da «Ba­wa­ri­ýa» öz meý­dan­ça­syn­da «Bo­rus­si­ýa Dort­mund­dan» 2–0 ha­sa­byn­da utul­dy. 5 ýyl­dan soň gar­şy­da­şy­ny il­kin­ji ge­zek ýe­ňen dort­mund­ly­la­ryň gol­la­ry­ny Ade­ýe­mi bi­len Rýuer­son ge­çir­di. «Bo­rus­si­ýa» to­pa­ry «Ba­wa­ri­ýa­ny» 10 ýyl­dan soň il­kin­ji ge­zek myh­man­çy­lyk­da ýe­ňip, umu­my­lyk­da 11 du­şu­şyk­dan soň ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu ýeň­liş­den soň «Ba­ýer» «Ba­wa­ri­ýa­dan» 13 utuk öňe saý­la­nyp, ga­lan 7 oý­nuň 3-sin­de ga­

Ger­ma­ni­ýa­da hem-de Fran­si­ýada ku­bok ýa­ry­şy­nyň fi­nal­çy­la­ry bel­li bol­dy

Ger­ma­ni­ýa­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da «Kai­zers­lau­tern» bi­len «Ba­ýer» to­par­la­ry du­şu­şar­lar. «Kai­zers­lau­tern» to­pa­ry ýa­rym fi­nal­da mun­dan öň­ki tap­gyr­lar­da de­giş­li­lik­de, «Ba­wa­ri­ýa», «Aýnt­raht», «Bo­rus­si­ýa M» to­par­la­ry­ny ýa­ryş­dan çy­karan 3-nji li­ga­nyň wekili «Saarb­ruk­ken» to­pa­ry­ny 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. 21 ýyl­dan soň fi­na­la çy­kan «Kai­zers­lau­ter­niň» fi­nal­da­ky bäs­de­şi «Ba­ýer» to­pa­ry ýa­rym fi­nal­da «For­tu­na Düs­sel­dorf» to­pa­ry­ny 4–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Ýe­ňil­mez­lik se­ri­ýa­sy 40 oý­na çy­kan we 5-nji sa­par fi­nal­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­za­nan «Ba­ýe­riň» gol­la­ry­ny Frim­pong (7), Ad­li (20) hem-de Wirts (36, 60 p) ge­çir­di. Fi­nal du­şu­şy­gy 25-nji maý­da Ber­lin­de ge­çi­ri­ler. * * *

Fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da 13 müň go­la ýe­ten il­kin­ji klub

Fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bir klub 13 müň go­la ýet­di. Bra­zi­li­ýa­nyň we­la­ýat li­ga­sy «Carioca Se­rie A»-nyň fi­na­ly­nyň 1-nji du­şu­şy­gyn­da «Fla­men­go» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «No­wa Igua­su» to­pa­ry bi­len du­şuş­dy. Du­şu­şyk­da myh­man­çy­lyk­da­ky «Fla­men­go» to­pa­ry 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Rio de Ža­neý­ro­ly­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ryň 2-si­ni Ped­ro, beý­le­ki­si­ni-de Ro­nald dos San­tos Sil­wa öz der­we­ze­sin­den ge­çir­di. Du­şu­şyk­da der­we­zä gi­ri­zi­len 2-nji gol «Fla­men­go» to­pa­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky 13 000-nji gol bol­dy. Şun­luk­da, «Fla­men­go» to­pa­ry fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da 13 müň go­la ýe­ten il­kin­ji klub hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. 1911-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan klub Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 7, we­la­ýat li­ga­syn­da 37, Ko­pa Li­ber­ta­do­res Ku­bo­gyn­da-da 3 çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. We­la­ýat li­ga­sy «Carioca Se­rie A»-nyň fi­na­ly­nyň jo­gap du­şu­şy­gy 7-nji ap­rel­de oý­na­lar.