Türgenleri taplaýan ýaryşlar

5 Aprel 2024
217

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, suwda pökgi oýnamak boýunça hem dürli derejeli ýaryşlar geçirilýär. Şeýle ýaryşlarda institutymyzyň topary üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýar.

Fewral aýynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda geçirilen ýaryşda «Talyp sporty» toparymyz öňdeligi eýeledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Suwdaky sport görnüşleriniň federasiýasynyň guramagynda suwda pökgi oýnamak boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Oňa welaýatlaryň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlary gatnaşdy. Bu ýaryşda hem Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary öňdeligi eýelemegiň hötdesinden geldi. Ýygyndy toparyň düzüminde ýokary okuw mekdebimiziň talyplary hem çykyş etdiler. Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň taýýarlan sowgatlary gowşuryldy.

Rahman KULOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň gyşky görnüşleri we suw görnüşleri kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar