Köpçülikleýin bedenterbiýe maşklary giňden ýaýbaňlandyrylýar

5 Aprel 2024
340

Halkyň arasynda bedenterbiýe we köpçülikleýin sport hereketlerini ýaýbaňlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, indi her ýyl ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary dürli sport çäreleri, ýörüşler, sport ýaryşlary, çempionatlar we köpçülikleýin bedenterbiýe maşklary bilen utgaşýar.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalarda hem bedenterbiýe maşklary giňden ýaýbaňlandyryldy. Olara  dürli ulgamlarda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda zähmet çekýän işgärler, talyp ýaşlar, mekdep okuwçylary we beýleki raýatlar işjeň gatnaşdylar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar