Diňe hokkeý hakynda

5 Aprel 2024
255

Diýarymyzda hokkeý boýunça geçiriljek halkara ýaryşyň barha golaýlaşýan günlerinde sportuň bu görnüşiniň taryhy hakynda gysgaça söhbet etmegi makul bildik.

Häzirki wagtda hokkeý sportuň gyşky görnüşleriniň arasynda iň meşhury bolup, onuň dörän ýeri Kanada hasaplanylýar. Ilkinji hokkeý oýny 1875-nji ýylyň ýaz paslynda Monreal şäherinde geçirilýär. Şondan 11 ýyl geçeninden soňra, ýagny 1886-njy ýylda bu oýna resmi kadalar girizilýär. Hut şol ýylda hem Kanadanyň we Beýik Britaniýanyň toparlarynyň arasynda taryhy duşuşyk geçirilip, onda hokkeýiň dörän ýurdunyň wekilleri ýeňiş gazanýarlar. 1899-njy ýylda bolsa ilkinji hokkeý arenasy açylýar, soňra bolsa emeli buzdan hokkeý meýdançalary ulanmaga berlip başlanýar.

Işanguly Meretnyýazow,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar