Sport

5 Aprel 2024
279

Giň gerime eýe bolýan ýaryşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky görkezmelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Daşoguz şäheriniň orta mekdepleriniň 2008 — 2010-njy ýyllarda doglan  okuwçy oglanlarynyň  arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» ady bilen sportuň erkin göreş görnüşi boýunça şäher birinjiligi geçirildi. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölümi welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde guradylar. Aýlaw esasynda geçirilen bu ýaryşda ýaşajyk türgenler 38,41,44,48,52,57,62,68,75 kilogram agram derejelerde bäsleşdiler. Şeýlelikde, 38 kg agram derejede Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdepden Sanjar Hamidow, 41 kg agram derejede 23-nji orta mekdepden Muhammet Saryýew hem-de 44 kg agram derejede Nadirbek Mamedow, 48 kg agram derejede 16-njy orta mekdepden Arslan Toýlyýew, 52 kg agram derejede 28-nji orta mekdepden Kemran Jumaniýazow, 57 kg agram derejede 16-njy orta mekdepden Ahmet Açilow, 68 kg agram derejede 30-njy orta mekdepden Behruz Atajanow, 75 kg agram derejede 28-nji orta mekdepden Ýerlan Aliýew dagy birinji orny eýeläp, ýeňiji boldular. Şeýlelikde, iň köp utuk toplap umumy toparlaýyn birinji orny Daşoguz şäherindäki 16-njy, ikinji orny 23-nji, üçünji orny bolsa 30-njy orta mekdebiniň oglanlar toparlary eýelediler. Ýeňijiler welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Bibi PALTAÝEWA,
«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe sport-guramasynyň welaýat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar