«Baýer» çempionlyga barha golaýlaýar

5 Aprel 2024
202

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň ýeň­liş­siz li­de­ri «Ba­ýer» bu de­re­je­si­ni soň­ky mi­nut­lar­da hem bol­sa go­ra­ma­gy ba­şar­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da «Hof­fen­haý­my» ka­bul eden «Ba­ýer» to­pa­ry 33-nji mi­nut­da Mak­si­mil­li­an Ba­ýe­riň go­lu­na alaç ta­pyp bil­me­di. Ýer eýe­le­ri­ne bu go­la jo­gap ber­mek ýe­ňil düş­me­di. 88-nji mi­nut­da And­rih bi­len ha­sa­by deň­län le­wer­ku­zen­li­le­re ýe­ne-de Pat­rik Şik 90+1-nji mi­nut­da ge­çi­ren go­ly bi­len ýe­ňiş ge­tir­di. Şun­luk­da, «Ba­ýe­riň» ýe­ňil­me­zek­li­gi 39 oý­na çyk­dy. Tap­gy­ryň iň esa­sy oý­nun­da, «Der Klas­si­ker» du­şu­şy­gyn­da «Ba­wa­ri­ýa» öz meý­dan­ça­syn­da «Bo­rus­si­ýa Dort­mund­dan» 2–0 ha­sa­byn­da utul­dy. 5 ýyl­dan soň gar­şy­da­şy­ny il­kin­ji ge­zek ýe­ňen dort­mund­ly­la­ryň gol­la­ry­ny Ade­ýe­mi bi­len Rýuer­son ge­çir­di. «Bo­rus­si­ýa» to­pa­ry «Ba­wa­ri­ýa­ny» 10 ýyl­dan soň il­kin­ji ge­zek myh­man­çy­lyk­da ýe­ňip, umu­my­lyk­da 11 du­şu­şyk­dan soň ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu ýeň­liş­den soň «Ba­ýer» «Ba­wa­ri­ýa­dan» 13 utuk öňe saý­la­nyp, ga­lan 7 oý­nuň 3-sin­de ga­za­nyl­jak ýe­ňiş ola­ra ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di­rer. Öz meý­dan­ça­syn­da «Haý­den­haým» bi­len du­şu­şan «Ştut­gart» 2–0 öňe geç­se-de, myh­man­lar 85-nji mi­nut­da ha­sa­by 3–2-ä ýe­tir­di­ler. Ýö­ne 90+8-nji mi­nut­da De­niz Un­da­wyň ge­çi­ren go­lun­dan soň «Ştut­gart» ýeň­liş­den ha­las bol­dy.

Beýleki habarlar