Taryhda şu gün

5 Aprel 2024
126

1896-njy ýylyň 6-njy aprelinde ilkinji gezek guralan häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Gresiýanyň paýtagty Afiny şäheriniň «Mermer» stadionynda geçirilen açylyş dabarasyna 80 müň tomaşaçynyň gatnaşandygyny bellemek gerek. Halkara Atletik kongresiniň 1894-nji ýylyň 23-nji iýunyndaky ýygnagynda antik döwrüniň oýunlaryny dikeltmek barada Pýer de Kuberteniň teklibi gyzgyn goldaw tapýar. Ýygnagyň dowamynda ilkinji Oýunlary Gresiýa ynanmak barada ylalaşyga gelinýär. 6 – 15-nji aprel aralygynda geçirilen Oýunlara 14 döwlete (Awstraliýa, Bolgariýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Gresiýa, Daniýa, Italiýa, ABŞ, Fransiýa, Çili, Şweýsariýa, Şwesiýa, Awstriýa, Wengriýa) wekilçilik eden türgenleriň 241-si gatnaşmaga isleg bildirýär. Türgenler sport görnüşleriniň 9-synda (nusgawy grek-rim göreşi, welobäsleşik, gimnastika, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, tüpeňden ok atmak, tennis, agyr atletika, gylyçlaşmak) medal sanawynyň 43-si ugrunda bäsleşýärler.

***

Taýýarlan Atabeg Babamuradow,
sport synçysy.
Beýleki habarlar