Şowhuna beslenen hepdelik

5 Aprel 2024
247

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» atly sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlar hem-de açyk gapylar hepdeligi geçirilýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda guralan fijital-sport ýaryşlary şu gün tamamlanýar.

Fijital-sport (hereketli-sanly sport) – sportuň toplumlaýyn görnüşi bolup, türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem sanly wirtual dünýäde garşydaşy bilen bäsleşýär. Ol «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň birikmeginden dörän «hereketli-sanly sport» diýen manyny berýär.

Berdimyrat BERDIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar