"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ökdeler öňe saýlandylar

Sport mekdebimizde guşakly göreş boýunça geçirilen welaýatyň çempionatyna Türkmenabat şäherinden, Saýat, Kerki, Darganata etraplaryndan ýaş pälwanlaryň 50-ä golaýy gatnaşdy. Ýaryşyň tutuş dowamynda saýatly türgenler üstünlikli çykyş edip, gyzlaryň arasynda-da, oglanlaryň arasynda-da toparlaýyn birinjiligi eýelediler. Ýaş pälwanlaryň nobatdaky üstünliginde ussat tälimçiler Agamyrat Çaryýewiň, Halnazar Jumaýewiň, Kerim Gurbanowyň mynasyp paýlary bardyr. Türkmenabatly tälimçiler Azatmuhammet Aşyrowyň we Derkar Açilowyň türgenleri hem öz başarnyklaryny görkezip, toparlaýyn ikinjiligi gazandylar. Oglanlaryň arasynda guralan tutluşyklarda Darganata etrabynyň topary üçünji orny eýeledi.

Saglygym — baş baýlygym

Sport mekdebimizde geçirilen çäre sportsöýüjileriň köpsanlysyny bir ýere jemledi. Çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň sport durmuşynda amala aşyrylýan özgertmeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Çäräniň dowamynda göreş sambosy, dzýudo we kuraş boýunça tälim alýan türgenlerimiz görkezme çykyşlaryny hem görkezdiler. Futbol we woleýbol boýunça etrabymyzyň orta mekdepleriniň toparlarynyň arasynda guralan ýaryşlar ildeşlerimiziň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Şeýle hem sport çäresiniň dowamynda dürli ýaryşlarda öz ussatlyklaryny görkezýän türgenlerimize sowgatlar gowşurylyp, olara geljekde-de üstünlikler arzuw edildi.

Aşgabatdaky halkara hokkeý ýaryşyna 10 topar gatnaşar

15 ― 20-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek hokkeý boýunça halkara ýaryşa 10 döwletden 10 topar gatnaşar. Olar Türkmenistanyň «Galkan», Özbegistan Respublikasynyň «Feniks», Oman Soltanlygynyň «Oman Khanjars», Bahreýn Patyşalygynyň «Bahreýn», Gazagystan Respublikasynyň «Akmola», Türkiýe Respublikasynyň «Gümüş Patenler», Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý», Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Orhis-Kazan», Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box» we Belarus Respublikasynyň «Wolat» hokkeý toparlarydyr.

Erjeller üstün çykdy

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli geçirilen ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady. Etrapdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň 8-9 ýaşdan uly bolmadyk okuwçylaryndan düzülen toparlar ýaryşda şadyýan estafetanyň bäş görnüşi boýunça erjelligini görkezdiler. Ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak we sporta höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen ýaryşyň netijesinde etrapdaky 16-njy orta mekdebiň topary birinji, 1-nji orta mekdebiň topary ikinji, 26-njy orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara hormat hatlary gowşuryldy.

Sagdyn nesil — röwşen geljek

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär» diýip nygtaýar. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ynsan saglygyny goramakda sportuň we bedenterbiýäniň uly ähmiýeti bardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramaga gönükdirilen maksatlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygyň, sagdyn durmuşyň gözbaşy bolsa bedenterbiýe we sportdur. Şonuň üçin hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport her bir adamyň, hususan-da, ýaşlaryň iň ýakyn hemrasyna öwrüldi. Berk bedenli, sagdyn, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şonuň üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport mekdepleri bar. Şeýle döwrebap sport mekdeplerinde ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, saglyklaryny berkidýärler hem-de tälim alýarlar.

Täze sport üstünlikleriniň oňyn başlangyjy

Halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sarpalamak dabarasy boldy 7-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby gowşuryldy.

Halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sarpalamak dabarasy

7-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby gowşuryldy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan çärede sport toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde ýurdumyzyň türgenleriniň üstünlikleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda abraýly halkara ýaryşlarda gazanylan dürli derejedäki baýraklar, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Baş baýlygyň baýramy

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli  welaýat merkezinde guralan dabaraly çäreler ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat häkimliginiň meýilnamasyna laýyklykda bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynda, iri edara-kärhanalarda sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryna, bedenterbiýe maşklaryna giň orun berildi. Bahar paslynyň ir säherinde edara-kärhanalarda sport maşklarynyň ýerine ýetirilmegi köpçülikleýin häsiýete eýe boldy Baýramçylygyň esasy çäresine — Balkanabat şäherindäki  «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan badalga alan köpçülikleýin welosipedli ýörişe  welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň işgärleri we  talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýörişiň geçýän ugrunda  medeni çäreler giň gerimde ýaýbaňlanyp, belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly çykyşlar  ýörişe gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da belende göterdi. Ýolugra ýaş türgenleriň görkezme çykyşlaryna hem tomaşa eden ýörişe gatnaşyjylar halkymyzyň  saglygyny goramakda we berkitmekde edýän taýsyz tagallalary üçin  Gahryman Arkadagymyza hem-de  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.    

Gyzykly geçen bäsleşik

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesi etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde edara-kärhanalaryň işgärlerinden düzülen toparlaryň arasynda woleýbol boýunça ýaryş geçirdi. Gyzykly geçen ýaryşda birinji orna etrap polisiýa bölüminiň topary mynasyp bolmagy başardy. Ikinji orna etrabyň jemagat hojalygy müdirliginiň topary eýe çykdy.

Bütindünýä saglyk güni dabaraly bellenilip geçildi

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Ol gün welosipedli ýöriş guralyp, ýurdumyzda, şol sanda biziň welaýatymyzda-da welosipedli ýöriş geçirildi. Uzak aralygy geçen welosipedli ýörişe gatnaşyjylar baýramçylyk gününe bagyşlanan ajaýyp aýdym-sazlary diňlediler.

Lukmanlar bäsleşdiler

Welaýat köpugurly sport toplumynda Türkmenabat şäheriniň saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda sport ýaryşy geçirildi. Welaýat saglygy goraýyş müdirligi hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilen bilelikde guralan bu ýaryş sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis, woleýbol, şaşka görnüşlerini öz içine aldy. Sporty durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwren lukmanlar ýaryşda çalasynlyklaryny we tutanýerliligini görkezdiler. Olar bu ýaryşa işjeň gatnaşmak bilen, sportuň ynsan saglygyna ýetirýän peýdasynyň örän kändigini, şol sebäpden sport bilen yzygiderli meşgullanmalydygyny, özleriniň bolsa elmydama sporty hemra edinýändiklerini ýene bir gezek ykrar etdiler.

Welaýatymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

Düýn säher bilen gojaman Jeýhunyň kenarynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe ak pata berildi. Baharyň mylaýym howasy bolsa ýörişe gatnaşyjylaryň başyny sypady. Şeýlelikde, bütin dünýäniň ilatynyň saglygynyň şanyna bellenilýän uly baýram Gündogar sebitde ägirt uly awtoulag köprüsiniň üstünden badalga berlen köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen başlandy. Eýýäm köp ýyldan bäri geçirilmegi asylly däbe öwrülen köpçülikleýin ýörişe Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Ykbalyny welosporta baglan türgenler bolsa, her gezek bolşy ýaly, ýörişiň başyny çekdiler.

Woleýbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy

Sarahs etrabyndaky “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda “Sagdyn ýaşlar” ady bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Oňa “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň işgärlerinden, şeýle-de etrabyň edara-kärhanalardan düzülen toparlar gatnaşyp, özara güýç synanyşdylar. Woleýbol ýaryşy çekeleşikli geçdi. “Dagdan” we “Daýanç” toparlarynyň arasynda çekeleşikli duşuşyk “Dagdan” toparynyň üstünligi bilen tamamlady. Ýeňiji bolan topara “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sport we bedenterbiýe ulgamynyň binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Netijede, köpçülikleýin bedenterbiýe, sport-sagaldyş hereketi giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy. Asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda şatlyk-şowhuna beslenen medeni we köpçülikleýin sport çäreleri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem uly ruhubelentlik bilen geçirildi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi hem-de onuň garamagyndaky ähli sport edara-guramalarynda şanly sene mynasybetli çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy.

Şaşka ýaryşy geçirildi

“Sagdyn nesil — bagtyýar geljek” ady bilen Tejen etrabyndaky 41-nji orta mekdepde etrap bilim bölüminiň, ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda şaşka ýaryşy geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ýaryş Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, onda ýaşlara ukyp-başarnygyny görkezmäge ajaýyp şertler döredildi. Şaşka ýaryşynyň netijesi boýunça etrapdaky 42-nji orta mekdebiň topary birinji, 41-nji orta mekdebiň topary ikinji, 23-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelemegi başardylar.

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Gök­de­pe et­ra­by­nyň Ba­ba­rap oba­syn­da­ky Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ýaş Olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­ýan sport mek­dep-in­ter­na­tyn­da ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da ki­çi fut­bol bo­ýun­ça Ahal we­la­ýa­ty­nyň bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Ýa­ry­şa we­la­ýa­tyň şä­her we et­rap­la­ryn­dan 6 to­par gat­naş­dy.

Tür­gen­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty» sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, al­tyn me­dal­la­ry ga­za­nan tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Ola­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyn­dan sow­gat­lar, şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy” at­ly ki­ta­by gow­şu­ryl­dy.

Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li we­lo­si­ped­li ýö­riş ge­çi­ril­di

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe-sport, sag­dyn dur­muş we me­de­ni mak­sat­ly çä­re­le­ri ge­çi­ril­di. Bu çä­re­ler jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeň or­naş­dyr­mak, ösüp gel­ýän ýaş nes­li sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mek, ra­ýat­la­ry­my­zyň be­den sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, ada­myň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýar.

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar.

Watanymyzyň dünýädäki abraýyny belende galdyran türgenler sylaglanyldy

Halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sarpalamak dabarasy Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby gowşuryldy.