Saglygym — baş baýlygym

10 Aprel 2024
190

Sport mekdebimizde geçirilen çäre sportsöýüjileriň köpsanlysyny bir ýere jemledi. Çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň sport durmuşynda amala aşyrylýan özgertmeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Çäräniň dowamynda göreş sambosy, dzýudo we kuraş boýunça tälim alýan türgenlerimiz görkezme çykyşlaryny hem görkezdiler. Futbol we woleýbol boýunça etrabymyzyň orta mekdepleriniň toparlarynyň arasynda guralan ýaryşlar ildeşlerimiziň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Şeýle hem sport çäresiniň dowamynda dürli ýaryşlarda öz ussatlyklaryny görkezýän türgenlerimize sowgatlar gowşurylyp, olara geljekde-de üstünlikler arzuw edildi.

Döwlet ALLAKOW,
Saýat etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň milli göreş boýunça tälimçi mugallymy.
Beýleki habarlar