Täze sport üstünlikleriniň oňyn başlangyjy

8 Aprel 2024
212

Halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sarpalamak dabarasy boldy

7-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby gowşuryldy.

«Nesil».
Beýleki habarlar