Welaýatymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

8 Aprel 2024
184

Düýn säher bilen gojaman Jeýhunyň kenarynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe ak pata berildi. Baharyň mylaýym howasy bolsa ýörişe gatnaşyjylaryň başyny sypady. Şeýlelikde, bütin dünýäniň ilatynyň saglygynyň şanyna bellenilýän uly baýram Gündogar sebitde ägirt uly awtoulag köprüsiniň üstünden badalga berlen köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen başlandy.

Eýýäm köp ýyldan bäri geçirilmegi asylly däbe öwrülen köpçülikleýin ýörişe Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Ykbalyny welosporta baglan türgenler bolsa, her gezek bolşy ýaly, ýörişiň başyny çekdiler.

Beýleki habarlar