Woleýbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy

8 Aprel 2024
228

Sarahs etrabyndaky “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda “Sagdyn ýaşlar” ady bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Oňa “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň işgärlerinden, şeýle-de etrabyň edara-kärhanalardan düzülen toparlar gatnaşyp, özara güýç synanyşdylar.

Woleýbol ýaryşy çekeleşikli geçdi. “Dagdan” we “Daýanç” toparlarynyň arasynda çekeleşikli duşuşyk “Dagdan” toparynyň üstünligi bilen tamamlady. Ýeňiji bolan topara “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Maksat ORRYÝEW,
“Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işgäri.
Beýleki habarlar