Halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sarpalamak dabarasy

8 Aprel 2024
121

7-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby gowşuryldy.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan çärede sport toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde ýurdumyzyň türgenleriniň üstünlikleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda abraýly halkara ýaryşlarda gazanylan dürli derejedäki baýraklar, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar