Lukmanlar bäsleşdiler

8 Aprel 2024
170

Welaýat köpugurly sport toplumynda Türkmenabat şäheriniň saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda sport ýaryşy geçirildi. Welaýat saglygy goraýyş müdirligi hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilen bilelikde guralan bu ýaryş sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis, woleýbol, şaşka görnüşlerini öz içine aldy.

Sporty durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwren lukmanlar ýaryşda çalasynlyklaryny we tutanýerliligini görkezdiler. Olar bu ýaryşa işjeň gatnaşmak bilen, sportuň ynsan saglygyna ýetirýän peýdasynyň örän kändigini, şol sebäpden sport bilen yzygiderli meşgullanmalydygyny, özleriniň bolsa elmydama sporty hemra edinýändiklerini ýene bir gezek ykrar etdiler.

Täzegül BABAŞEWA,
Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar