Watanymyzyň dünýädäki abraýyny belende galdyran türgenler sylaglanyldy

8 Aprel 2024
98

Halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sarpalamak dabarasy

Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby gowşuryldy.

Beýleki habarlar