Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Zemini gözelleşdirýän sungat (Oýlanma)

Ýene ýaz geldi. Kimler üçin 17-nji, 23-nji, 35-nji, belki-de, 43-nji ... gezek gelen baharyň heýjanly pursatlary. Hawa, ýene ýakymly ýylgyryşyň bilen bosagadan ätlediň, mähirden doly ýazym! Sen geleňde älem-jahan läle-reýhana dönýär. Tebigatda her paslyň özüne mahsus aýratynlygynyň bolşy ýaly, saňa janlanyş mahsus, ýazym! Seniň ýyly demiň bilen baglara, ösümliklere jan girýär. Janly-jandarlar gyş ukusyndan oýanýar. Baýyrlar, gollar, depeler, düzler, giň sähralar ýaşyl dona bürenýär, gülzarlyga beslenýär. Muny halk arasynda «Togsanyň dolup, ýere ýyly gitmegi» bilen düşündirýärler. Pasyllaryň soltany, ýazym! Bilbillerem seniň berýän joşgunyňdan hyjuwlanyp saýraýarlar. Ýaňy pyntyk ýaryp başlan baglarda guşlaryň baharyň gelendigini buşlap, kakýan şirin nagmalary, göýä toýhanany ýadyňa salýar. Olaryň şüweleňli pursatlaryny synlanyňda, «şatlykly söhbetlerine» diň salanyňda, asudalygyň, parahatçylygyň höküm sürýän ýurdunda, bagtyýar ilde ýaşaýandygyňa ýene bir ýola buýsanýarsyň. Bularyň ählisiniň özeninde duran Gahryman Arkadagymyza müň keren alkyş aýdýarsyň.

Bathyza ýaz geldi!

Bathyza syýahat edeniňde, daşyňy gurşap alýan sähralygyň hem-de pisse tokaýlygynyň gözelliginiň waspyny taryplap, gutaryp bolmaýar. IХ asyrda ýaşap geçen arap taryhçysy Al Magdysyn Bathyzyň gözelligini wasp edip: «Bathyzyň töwerekleri bahar aýlarynda has ajaýyp» diýip ýazýar. «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde tekiz sähralyk we baýyrlyk meýdanlar bar. Sähralykda ýaz aýlarynda gyzyl, sary, mawy reňklere beslenip oturan ýaýlalary, siňňitli ýagan mylaýym ýagyşdan soň, gök dona bürenip oturan maýsalary, ýapraklary ýag çalnan deýin ýalpyldaşyp oturan daragtlary göreni özüne bendi edýär. Asuda, arassa asmana seretseň, uzagrakdan durnalaryň setir bolup uçup barýanlaryny synlamak bolýar. Olar bize ýazyň gelendigini, indiki güýze çenli göçüp barýandyklaryny duýduryp, uçup gidýärler. Bu ajaýyp guşlar hiç haçan öz uçýan ugurlaryny üýtgetmeýärler.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň mart aýynyň 02-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Bahara öwrülen älem

Bahar, sen geldiň-de tabigata, tutuş barlyga nowjuwanlyk, ýaşaýyş, täzeleniş bagyşladyň, daş-töwerege gözellik, nepislik eçildiň. Seniň tämizligiňden, terligiňden nepesini durlan howany ýülük ýaly ýuwdan her bir ynsanyň ökjesi ýeňläp, özüni asman gaýýan ýaly duýýar. Seniň bu gudratyň syry nämede?! Seniň gadamyň düşen ýerinde gök maýsalar parç bolup, gülälekler köz ýaly ýaňaklaryny güjüňledi. Seniň geleriňe garaşyp, bütin gyş irkilen daragtlaryň şahalarynda gaýtadan direlişiň alamaty bolan pyntyjaklar peýda boldy. Seniň bu keremiň hikmeti nämede, bahar?!

Bahar gaýdyp geldi

Her gezek gidende, atasy öýüne giden ýaly, düşegi ýumşaýan Bahar bu gezek hemişekilerinden tiz köwlendi. Muňa etekli, ýeňli-ýanly adamlar aýtmyşlaýyn, sadagasy bolunmyş il-gün bir begenmek begendi, bir begenmek begendi weli, heý, goýaý! Adam bary hyjuwdyr joşgundan ýugrumy ýeten, ýüregi sypap-sypap goýberýän, jylawsyz, ýöne ýakymly bir duýgudan ýaňa donuna sygmajak bolýana meňzedi. Beýle boluş saňa: «Be-e, bu giden jemende onuň ýoklugynda nädip tagapyl etdikä?» diýdirýär. Diňşeýäň. — Bahargü-ül...

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 1-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 55 — 75%.  

Çagalar we ekologiýa goraglylygy

Pasyllaryň çalşygy kalbyňa söz bilen düşündirip bolmajak ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Esasan hem, topraga jan girip baharyň gelmegi tutuş tebigatda şahyranalygy oýarýar. Ene tebigatyň şeýle gözelligini, jana şypa beriji ajaýyplygyny goramak bolsa, biziň her birimiz üçin parzdyr. Şonuň üçin hem tebigata bolan söýgi, ekologiýany hemişelik goramak wezipesi adamyň aňyna çagalykdan guýulýar. Ýurdumyzda hereket edýän çagalar we ýetginjekler döredijilik öýlerinde hut şu wezipe babatynda hem işler alnyp barylýar. Ýylyň dowamynda guralýan döredijilik bäsleşikleriniň arasynda ekologiýa meselelerine aýratyn uly üns berilýär. Çagalarda häzirden tebigata bolan söýgini ösdürmek üçin degişli işler geçirilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 28-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 60 — 80%.Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 707 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Garagumuň bahary

«7/24.tm», № 09 (92), 28.02.2022.  Şu gün birhili üşärin öýdüp geýen eşiklerim agyr bolup dur. Sizde-de şeýlemi?! Ýogsa o diýen galyňam geýinmedim. Howanyň ýüzünem nämedir bir zat ap-arassa eden ýaly. Uludan, teşnelik bilen dem alýan. Şähdiň açyk. Göwnüňde galan öýke-kinäniň jinnik ýalysam ýok. Ýogsa ho-ol noýabr aýynda obamyzyň mekdep müdiriniň maňa tarap ýerliksiz aýdan sözleri hemişe günüme goýanokdy weli, şu wagt aňymam, ýüregimem juda saplanypdyr. Asyl, munuň sebäbi nämedekä?! Bilmedim. Aý, bolýa-da. Gel, gowusy, Ezizowy okaýyn-la.

Ba­har gel­ýär, ba­har gel­ýär, adam­lar!

Bahar buşlukçysy Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,Pyntyklady pisse bilen badamlar.Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 25-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Orhideýa

Häzirki wagtda Ýer ýüzünde gülleriň ýüzlerçe görnüşi bolup, adamlar gülleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar we bu ugur bilen içgin gyzyklanýarlar. Özünde uly gyzyklanmany döredýän orhideýa güli bolsa dürli görnüşlerde, ajaýyp sazlaşygy emele getirýän gülleri bilen ençeme adamlaryň öýleriniň penjirelerinde, iş ýerlerinde bezeg görnüşinde ulanylýar. Orhideýa gülüniň meşhurlygynyň sebäbi bolsa bu gülüň haýran galdyryjy görnüşi, bezeg aňsatlygy hem-de uzak gülleýän döwri bolup durýar. Bu ösümligiň tebigy mekany Demirgazyk-Gündogar Awstraliýanyň, Günorta-Gündogar Aziýanyň we Filippinleriň çygly düzlükleri we dag tokaýlarydyr. Ol ilkinji gezek 1895-nji ýylda aýratyn jyns hökmünde nemes botanigi Karl Ludwing Ritter fon Blume tarapyndan suratlandyryldy. Orhideýa uzyn baldakly we iki hatara düzülen üç-bäş sany uly etli ýaprakly ösümlikdir. Bu gülüň reňkleri, ýapraklarynyň ululygy we görnüşi bilen tapawutlanýan 70-e golaý dürli görnüşleri bardyr.

Gar hakynda

Alymlar gar parçalaryny emeli usulda döretmäni öwrendiler. * * *

Degresi zümerret daşly...

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 24-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Bahar gelýär!

Fewral, asla utanma,Sen bahara howlugyp.Üç güni kem alypsyň,Ol hem seniň gowlugyň.Atamyrat ATABAÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Fewral hem ahyrlap barýar. Gyşyň iň soňky aýy. Ýene sanlyja günlerden tebigaty, tutuş barlygy heýjana salýan baharyň geljegi howanyň şu günlerki öwzaýyndan mese-mälim duýulýar. Howanyň çigregi sowuldy. Soňky günler güneş hem biraz nurlanyp, mydama çytylyşyp duran asmandaky pamyk ýaly akja bulutlar hem onuň öňüni gabsajak bolanoklar. Ozalkylaryndan has eglenip, ýaşmaga howlukmaýan Gün hoş habar aýtmaga gelen buşlukçy oglanjyk ýaly ýylgyrjaklaýar. Çyplaň bag şahalaryndaky guşjagazlar hem alagowur bolup jürküldeşýärler. Olar, göýä özara söhbetleşýän ýaly, bir gürrüňi içlerine sygdyryp bilmän, demi-demine ýetmän jedirdeşýärdiler. Guşjagazlaryň «täsin söhbedi» jedele ýazaýdy öýdýän. Belki, häzir olaryň baharyň haçan geljegi hakynda jedelleşýän bolmaklaram ahmal.

Gyşlamaga üýşen guşlar

Onlarça million guşlar ýylda iki sapar Hazar deňziniň kenar ýakasyndan uçup geçýärler. Bu aralyk hatda çydamly guşlar üçin hem örän uzakdyr, şol sebäpli olar ýolda dynç almak we iýmitlenmek üçin ýaramly ýerlerde —aýlaglara, buhtalara gonmaly bolýarlar. Guşlaryň bir bölegi (diňe suw we batga guşlarynyň sany 600 müňden geçýär) arly gyşy geçirmek üçin şol ýerlerde galýarlar. Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijesinde guşlaryň Hazar deňziniň kenarynyň, günorta-gündogar bölegindäki Türkmenbaşy, Mihaýlowsk, Balkan, Demirgazyk Çeleken aýlaglarynyň akwatoriýalarynda düşlemegi gowy görýändikleri mälim boldy. Sebäbi kenar ýakasyndaky beýleki ýerlere garanyňda şol aýlaglaryň düýbünde deňiz otlary diýseň köpdür. Guşlaryň iň gowy görýän iýmiti hem suw otlarydyr. Mundan başga-da, şol ösümlikleriň arasynda leňňeç şekilliler we beýleki jandarlar ýaşaýarlar. Olar bolsa balyklardyr guşlaryň has köp görnüşleriniň iýmitinde uly ähmiýete eýedir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 23-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Bag — gözellik hem saglyk

Arassa ekologiýa — sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy

Tebigatyň ekologiýa taýdan arassa bolmagy diňe bir ynsanyň jan saglygyna oňaýly täsirini ýetirmän, eýsem, ähli janly-jandarlaryň sagdyn ýaşaýşynyň özeni bolup durýar. Çünki ekologiýanyň arassalygy ömrüň uzamagy, ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr. Tebigat bilen ynsanyň we janly-jandaryň sazlaşykly ýaşamagy islendik döwrüň talabydyr. Güneşli Diýarymyzyň ekologiýa taýdan arassa, sähraýy tebigaty dürli görnüşli tebigy baýlyklar bilen gurşalandyr. Eziz Watanymyzyň mele topragynda ösýän ösümlikler dermanlyk häsiýetliligi, jana tenekarlygy bilen dünýä halklaryny haýrana goýýar. Türkmen topragynyň dagynda, düzünde, sährasynda ýaşaýşa bolan höwesiňi artdyrýan egsilmez güýç, ruhlandyryjy gudrat bar. Günbatar Köpetdagdaky «Aý daglary» diýlip atlandyrylýan täsin künjegiň gözelligi, Gökdere dag jülgesi, Aýdere jülgesi, Sünt-Hasardag gerişleri, Sumbar jülgesi, Köýtendag, Daraýydere jülgesi ýaly jülgelerdir daglaryň arassa howasy, Goşdemir şaglawugy, dag depelerinden şaglap akýan durnaň gözi deýin arassa çeşmäň suwy jana derman, topraga melhem. Ak bulutlar bilen gurşalan Erikdagyň ajaýyp görnüşi, dürli agaçlardan bölünip çykýan kalbyňy heýjana getiriji arassa howasy, al-ýaşyl öwüsýän ösümlikleri adam saglygyny berkitmekde dermandyr.