Bahar gelýär!

23 Fewral 2022
1081

Fewral, asla utanma,
Sen bahara howlugyp.
Üç güni kem alypsyň,
Ol hem seniň gowlugyň.
Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

Fewral hem ahyrlap barýar. Gyşyň iň soňky aýy. Ýene sanlyja günlerden tebigaty, tutuş barlygy heýjana salýan baharyň geljegi howanyň şu günlerki öwzaýyndan mese-mälim duýulýar. Howanyň çigregi sowuldy. Soňky günler güneş hem biraz nurlanyp, mydama çytylyşyp duran asmandaky pamyk ýaly akja bulutlar hem onuň öňüni gabsajak bolanoklar. Ozalkylaryndan has eglenip, ýaşmaga howlukmaýan Gün hoş habar aýtmaga gelen buşlukçy oglanjyk ýaly ýylgyrjaklaýar. Çyplaň bag şahalaryndaky guşjagazlar hem alagowur bolup jürküldeşýärler. Olar, göýä özara söhbetleşýän ýaly, bir gürrüňi içlerine sygdyryp bilmän, demi-demine ýetmän jedirdeşýärdiler. Guşjagazlaryň «täsin söhbedi» jedele ýazaýdy öýdýän. Belki, häzir olaryň baharyň haçan geljegi hakynda jedelleşýän bolmaklaram ahmal.

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».