Gyşlamaga üýşen guşlar

23 Fewral 2022
1373

Onlarça million guşlar ýylda iki sapar Hazar deňziniň kenar ýakasyndan uçup geçýärler. Bu aralyk hatda çydamly guşlar üçin hem örän uzakdyr, şol sebäpli olar ýolda dynç almak we iýmitlenmek üçin ýaramly ýerlerde —aýlaglara, buhtalara gonmaly bolýarlar. Guşlaryň bir bölegi (diňe suw we batga guşlarynyň sany 600 müňden geçýär) arly gyşy geçirmek üçin şol ýerlerde galýarlar. Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijesinde guşlaryň Hazar deňziniň kenarynyň, günorta-gündogar bölegindäki Türkmenbaşy, Mihaýlowsk, Balkan, Demirgazyk Çeleken aýlaglarynyň akwatoriýalarynda düşlemegi gowy görýändikleri mälim boldy.

Sebäbi kenar ýakasyndaky beýleki ýerlere garanyňda şol aýlaglaryň düýbünde deňiz otlary diýseň köpdür. Guşlaryň iň gowy görýän iýmiti hem suw otlarydyr. Mundan başga-da, şol ösümlikleriň arasynda leňňeç şekilliler we beýleki jandarlar ýaşaýarlar. Olar bolsa balyklardyr guşlaryň has köp görnüşleriniň iýmitinde uly ähmiýete eýedir.

Elmira ROZUMOWA,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň laboranty.