Degresi zümerret daşly...

24 Fewral 2022
1580

Gündogaryň beýik alymy Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Birunynyň «Mineralogiýa» atly kitaby gadymy döwürlerden bäri dünýä alymlaryna giňden meşhurdyr. Filosofiýa ylymlarynyň doktory, alym N.Baýramsähedowyň «Gündogaryň beýik danalary» atly kitabynda berilýän maglumatlara görä, Biruny Reýde bolan mahalynda zergär doganlar Hasandyr Hüseýin bilen dostluk gatnaşygynda bolupdyr. Bu zergärler «Mineralogiýa» kitabyny (Bu kitabyň doly ady «Kitap al jamahir fi marifat al jöwher», ýagny «Gymmatbaha daşlara akyl ýetirmegiň maglumatlarynyň ýygyndysy») ýazyp ýörkä, alyma gymmatbaha daşlaryň käbiriniň taryhy, häsiýetleri hakynda peýdaly maslahatlary beripdirler.

Günlerde bir gün bularyň arasynda zümerrediň täsiri hakynda jedel gidýär. Zergär doganlar zümerrediň ýylanyň gözüni kör edýändigini aýdyp, Birunyny ynandyrjak bolsalar, alym teý ynanmandyr. Biruny olaryň bu pikirini anyk durmuşda, tejribede synap görmegi aýdypdyr. Netijede, olar ýylan tutujy margiri tapýarlar-da, oňa bu synagy geçirmekçidiklerini aýdýarlar. Margirem hakyny gideräýjek adam däl eken. Ol az-owlak böwrüne diň salyp, olaryň öňünde şeýle şerti goýýar: «Eger-de zümerret ýylanyň gözüni gapaýsa, oklanan zümerret gözi gapylan ýylanyň öwezini dolar ýaly, margirde galmaly». Şonda Biruny onuň şerti bilen tanşypdyr-da: «Eger şeýle bolaýsa, sen ýylanly sebediňi gymmatbaha daşlardan dolduryp, üstesine-de, şu duran dükanam alarsyň!» diýip, arkaýyn aýdypdyr. Soňra bolsa ol lowurdap duran gymmatbaha monjugy oňa uzadypdyr. Margir monjugy alyp, öz kepjebaşlarynyň biriniň üstüne oklapdyr. Biruny gorkup duran zergär Hüseýine garap: «Ýylanyň gözi kör bolandyr öýtseň, gorkma-da baryber indi ýanyna, ol seni görmez» diýipdir. Şondan soň sebediň içine tutuş bir haltajyk zumerret taşlasalar-da, Hüseýin ýylana golaýlamak islemändir. «Meniň göwnüme bolmasa, gymmatbaha daşlaryň ýalpyldysyna bu ýylanyň gözi ýitelen ýaly bolaýdy» diýip, Hüseýin gözüni elek-çelek edipdir. Onuň gürrüňine hemmeler gülşüpdirler.

Alma DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.