Bahara öwrülen älem

1 Mart 2022
1191

Bahar, sen geldiň-de tabigata, tutuş barlyga nowjuwanlyk, ýaşaýyş, täzeleniş bagyşladyň, daş-töwerege gözellik, nepislik eçildiň. Seniň tämizligiňden, terligiňden nepesini durlan howany ýülük ýaly ýuwdan her bir ynsanyň ökjesi ýeňläp, özüni asman gaýýan ýaly duýýar. Seniň bu gudratyň syry nämede?!

Seniň gadamyň düşen ýerinde gök maýsalar parç bolup, gülälekler köz ýaly ýaňaklaryny güjüňledi. Seniň geleriňe garaşyp, bütin gyş irkilen daragtlaryň şahalarynda gaýtadan direlişiň alamaty bolan pyntyjaklar peýda boldy. Seniň bu keremiň hikmeti nämede, bahar?!

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».