Zemini gözelleşdirýän sungat (Oýlanma)

1 Mart 2022
1194

Ýene ýaz geldi. Kimler üçin 17-nji, 23-nji, 35-nji, belki-de, 43-nji ... gezek gelen baharyň heýjanly pursatlary. Hawa, ýene ýakymly ýylgyryşyň bilen bosagadan ätlediň, mähirden doly ýazym! Sen geleňde älem-jahan läle-reýhana dönýär. Tebigatda her paslyň özüne mahsus aýratynlygynyň bolşy ýaly, saňa janlanyş mahsus, ýazym! Seniň ýyly demiň bilen baglara, ösümliklere jan girýär. Janly-jandarlar gyş ukusyndan oýanýar. Baýyrlar, gollar, depeler, düzler, giň sähralar ýaşyl dona bürenýär, gülzarlyga beslenýär. Muny halk arasynda «Togsanyň dolup, ýere ýyly gitmegi» bilen düşündirýärler.

Pasyllaryň soltany, ýazym! Bilbillerem seniň berýän joşgunyňdan hyjuwlanyp saýraýarlar. Ýaňy pyntyk ýaryp başlan baglarda guşlaryň baharyň gelendigini buşlap, kakýan şirin nagmalary, göýä toýhanany ýadyňa salýar. Olaryň şüweleňli pursatlaryny synlanyňda, «şatlykly söhbetlerine» diň salanyňda, asudalygyň, parahatçylygyň höküm sürýän ýurdunda, bagtyýar ilde ýaşaýandygyňa ýene bir ýola buýsanýarsyň. Bularyň ählisiniň özeninde duran Gahryman Arkadagymyza müň keren alkyş aýdýarsyň.

Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».