Bahar gaýdyp geldi

1 Mart 2022
1184

Her gezek gidende, atasy öýüne giden ýaly, düşegi ýumşaýan Bahar bu gezek hemişekilerinden tiz köwlendi. Muňa etekli, ýeňli-ýanly adamlar aýtmyşlaýyn, sadagasy bolunmyş il-gün bir begenmek begendi, bir begenmek begendi weli, heý, goýaý! Adam bary hyjuwdyr joşgundan ýugrumy ýeten, ýüregi sypap-sypap goýberýän, jylawsyz, ýöne ýakymly bir duýgudan ýaňa donuna sygmajak bolýana meňzedi. Beýle boluş saňa: «Be-e, bu giden jemende onuň ýoklugynda nädip tagapyl etdikä?» diýdirýär. Diňşeýäň.

— Bahargü-ül...

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW.
«Türkmenistan».