Çagalar we ekologiýa goraglylygy

28 Fewral 2022
1070

Pasyllaryň çalşygy kalbyňa söz bilen düşündirip bolmajak ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Esasan hem, topraga jan girip baharyň gelmegi tutuş tebigatda şahyranalygy oýarýar. Ene tebigatyň şeýle gözelligini, jana şypa beriji ajaýyplygyny goramak bolsa, biziň her birimiz üçin parzdyr. Şonuň üçin hem tebigata bolan söýgi, ekologiýany hemişelik goramak wezipesi adamyň aňyna çagalykdan guýulýar.

Ýurdumyzda hereket edýän çagalar we ýetginjekler döredijilik öýlerinde hut şu wezipe babatynda hem işler alnyp barylýar. Ýylyň dowamynda guralýan döredijilik bäsleşikleriniň arasynda ekologiýa meselelerine aýratyn uly üns berilýär. Çagalarda häzirden tebigata bolan söýgini ösdürmek üçin degişli işler geçirilýär.

Nurjemal MEREDOWA,
Lebap welaýatynyň Çagalar we ýetginjekler öýüniň kitaphanaçysy.