Bag — gözellik hem saglyk

22 Fewral 2022
1030

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek baradaky tagallasynyň netijesinde her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde saýaly, pürli, miweli baglaryň millionlarça düýbüni oturtmak asylly däbe öwrüldi. 18-nji fewralda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbüni ekmek bellenildi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine hem-de beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalyň; welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ähli edara-kärhanalary ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek tabşyryldy.

«Türkmen dünýäsi».