Orhideýa

24 Fewral 2022
1644

Häzirki wagtda Ýer ýüzünde gülleriň ýüzlerçe görnüşi bolup, adamlar gülleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar we bu ugur bilen içgin gyzyklanýarlar. Özünde uly gyzyklanmany döredýän orhideýa güli bolsa dürli görnüşlerde, ajaýyp sazlaşygy emele getirýän gülleri bilen ençeme adamlaryň öýleriniň penjirelerinde, iş ýerlerinde bezeg görnüşinde ulanylýar. Orhideýa gülüniň meşhurlygynyň sebäbi bolsa bu gülüň haýran galdyryjy görnüşi, bezeg aňsatlygy hem-de uzak gülleýän döwri bolup durýar.

Bu ösümligiň tebigy mekany Demirgazyk-Gündogar Awstraliýanyň, Günorta-Gündogar Aziýanyň we Filippinleriň çygly düzlükleri we dag tokaýlarydyr. Ol ilkinji gezek 1895-nji ýylda aýratyn jyns hökmünde nemes botanigi Karl Ludwing Ritter fon Blume tarapyndan suratlandyryldy. Orhideýa uzyn baldakly we iki hatara düzülen üç-bäş sany uly etli ýaprakly ösümlikdir. Bu gülüň reňkleri, ýapraklarynyň ululygy we görnüşi bilen tapawutlanýan 70-e golaý dürli görnüşleri bardyr.

Merýem SÖÝÜNOWA,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.