Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Eziz Di­ýa­ry­my­zyň gö­zel te­bi­ga­ty

Türk­me­nis­tan­da te­bi­ga­ty go­ra­mak, onuň baý­lyk­la­ry­ny re­je­li peý­da­lan­mak, daş­ky gur­şa­wy sag­dyn­laş­dyr­mak bo­ýun­ça alnyp barylýan iş­le­re mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu äh­li­halk işi­dir, Türk­me­nis­ta­nyň her bir ra­ýa­ty­nyň bor­ju­dyr. Türk­me­nis­tan­da te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­bat­da­ky hu­kuk gat­na­şyk­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy we de­giş­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry ar­ka­ly düz­gün­leş­di­ril­ýär.

Tebigat bilen jemgyýetiň sazlaşygy

Tebigat — ynsanyň Zeminiň üstünde ömrüni ötürýän örüsidir, ahlak — adam ömrüni mertebeli we mynasyp geçirmegiň wyždan ýörelgeleri, kanun — adamzadyň jemgyýetçilik ýaşaýşynyň kadasy. Müňlerçe ýylyň dowamynda adam tebigaty diňe bir özüne tabyn etmek däl-de, eýsem, ony rejeli peýdalanmaga, ondan özüni gaýra tutman onuň bilen sazlaşykda bolmaga çalşypdyr. Müsürdäki Heops piramidasynyň diwarynda şeýle setirler ýazylypdyr: «Adamlar tebigatyň parasatly güýjüni rejeli ulanyp bilmeseler, onda ynsanyň geljekde çekjek zeperi ägirtdir». Bu jümleler adamzadyň gadymy taryhyndan başlap tebigat bilen sazlaşygyna üns berendiginiň mysalydyr. Ýöne, ahlak ýörelgelerinden ugur alýan parasatlylyk, tebigatyň ruhy baýlyk çeşmesini onuň maddy gymmatlylyk hazynasyndan ileri tutupdyr.

Uka giden derýanyň kenarynda

Gadym döwürlerde hem günbatar Garagum sährasy bagy-bossanly, gül-gülüstanly ýaýla bolupdyr. Tebigy gözellige jan berýän bol suwly derýa bu Hydyr gören sährany kesip geçýän eken. Oňa öňki zamanlarda «Araks», aga-ýana bolup, göçüp ýören çarwa halk bolsa, «Tüni derýa» adyny goýupdyr, biziň günlerimizde bolsa, oňa «Uzboý» diýýärler. Ir döwürler derýa özbaşdak hana bolup, ol Turan düzlüginiň günbatar böleginde ýerleşipdir we Sarygamyş çöketliginiň günortasyndan başlap, tä Hazar deňzine çenli baryp ýetipdir. Geografiýaçy alymlaryň aglabasy Uzboýuň dörän zamanynyň Turan düzlüginiň giňişliginden deňiz suwlarynyň çekilip, oň ýerine täze relýefiň dörän döwri bilen gabat gelýändigi dogrusyndaky çaklamany hakykata ýakyn hasaplaýarlar. Geologlar hem edil şol zamanlarda uç-gyraksyz Garagumuň emele gelendigi barasyndaky çaklamadan ugur alýarlar, onuň günbatar böleginde bolsa, güýçli tebigy hadysalaryň netijesinde Aral deňzi hem-de Sarygamyş çöketligi emele gelipdir, bu çöketlik ýuwaş-ýuwaşdan ekine-dikine ýaramly süýji suwdan dolupdyr.

Seýran etsek, gunçasyna, gülüne...

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda güneşli Diýarymyzda syýahatçylyk pudagy pajarlap ösýär. «Kelif» aýratyn çäkli goraghanasy hem syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerleriniň biri. Ol Lebap welaýatynyň «Amyderýa» döwlet tebigy goraghanasynyň düzüminde ýerleşýär. Bu aýratyn çäkli goraghana 1970-nji ýylda Türkmenistanyň gündogar böleginde gyşlaýan suw guşlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, gorap saklamak, olaryň köpelmegine amatly şertleri döretmek maksady bilen açyldy. Meýdany 103 müň gektarlyk ajaýyp künjek Garagum derýasynyň sakasyndan 40 kilometr aşakda, Kelif kölüniň sebitinde ýerleşip, uzynlygy demirgazykdan günorta çenli 46 kilometr, gündogardan günbatara çenli bolsa, 40 kilometr uzalyp gidýär.

Bagtly günleriň gujagynda...

Bagt ynsanyň öz-özüne bolan ynam-ygtykadynda, içki dünýäsiniň päkliginde, daşky gözelliginde hem-de arzuw-niýetiniň söýgi sazlaşygynda jemlenendir. Olar dutar kirişlerinden hem näzik duýgulardan ybaratdyr. Bagt sowgat berilmeýär, bagt gazanylýar. Bagt gözellikdir, bagtyň başlanýan ýeri ýüregimizdir. Sebäbi ynsanyň ýüregi söýgüden pürepür. Aslynda, biziň hemmämiz bagtly ynsanlar. Bagtymyzy görmegi başarmaly. Akyldarlaryň biri: «Bagta barýan ýol bagtly günleriň bardygyny duýmakdan başlanýar» diýýär. Hut şulary göz öňünde tutup, biz eger islesek, her günümizi ömrümiziň iň bagtly günlerine öwrüp bileris. Bagt — Watana bolan söýgüde. Bagt — Türkmenistan Watanymyzyň goýnunda ýaşamak. Bir akyldardan: «Bagt näme?» diýip soranlarynda, «Bagt asudalykdyr» diýip jogap beripdir. Asudalyk — parahat durmuşda rahat, erkana ýaşamak, öýüň-iliň, maşgala agzalaryň abatlygy. Watany söýmek — onuň mertebesini belende galdyrmak, öz ylym-bilimiň, halal zähmetiň bilen Watanyň özgerişlerine mynasyp goşant goşmak her bir ynsan üçin bagtly pursatdyr. Ata-babalarymyzyň «Asuda öýüň duzy datly» diýşi ýaly, gazanylýan beýik ösüşleriň höziri ýurdumyzda höküm sürýän abadançylygyň, döwletimiziň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň saýasynda has-

Tebigaty goramak — çagalaryň aňynda

5-nji iýunda ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni giňden bellenildi. Ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak, gözel tebigaty goramak babatdaky alada bilen bellenilýän bu gün mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine ýollan Gutlagynda «Daşky gurşawy gorap saklamak ugrunda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz bu günki gün has-da kämilleşdirilýär. Ata Watanymyzda her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine hem-de halkymyzyň gözel tebigatyna bolan söýgüsiniň artmagyna uly itergi berýär» diýen sözlerini ýaş nesilde tebigata bolan söýgini ösdürmekde mugallymlaryň üstüne-de uly jogapkärçilik ýükleýär diýip düşünýäris. Bu jogapkärçilik geografiýa mugallymlary babatynda has-da uludyr. Geografiýa sapaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden mysal getirilmegi çagalaryň pikir-düşünjesiniň has giňemegine ýardam edýär.

Alajabarslar — belentlikleriň şasy

Diýarymyzda gözel tebigatymyzy goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, her bir ulgamda durmuşa geçirilýän tutumly taslamalar ekologiýa we daşky gurşawy goramak bilen berk baglanyşdyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we olaryň biodürlüligini köpeltmek, tebigy baýlyklarymyzy tygşytly hem rejeli peýdalanmak boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmen tebigaty — gözellikler hazynasy. Onuň ösümlik, haýwanat dünýäsine aralaşanyňda, täsinlikleriň täsiri seni bir pursatlyk hem öz goýnundan goýbermeýär. Şol täsinlikleriň içinde owadanlygy bilen haýrana goýýan alajabarslara ilkinji orunlaryň biri degişlidir. Deňiz derejesinden 2500 metr belentlikden hem ýokary guşaklyklara aralaşýan alajabarslaryň bedeni geometriki deňölçegli, jübütden iki tarapa paýlanyp gidýän tegmiller bilen örtülendir. Bu olara awa çykanlarynda ot-çöpleriň, gyrymsylaryň şahalarynyň arasynda göze ilmezlik üçin amatly bolýar.

Tebigatymyzyň gözelligini goralyň!

Gadyrly çagalar! Biziň ýurdumyzyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri-de emeli döredilýän tokaý-seýilgäh zolaklarydyr. Ýer atmosferasynyň kislorodynyň altmyş göterimi tokaý-seýilgäh zolaklarynyň baglaryndan emele gelýär. Orta boýly bir bag nahaly bir gije-gündiziň dowamynda üç adamyň dem almagy üçin gerekli bolan kislorody gaýtadan işläp, bölüp çykarýar. Tokaý-seýilgäh zolaklarynyň bir gektary bolsa, şol bir wagtyň özünde bäş müň adamyň dem alyp, bölüp çykarýan ýigrimi dört kilogram kömürturşy gazyny özüne çekýär. Bir ýylyň dowamynda tokaý-seýilgäh zolaklarynyň bir gektary elliden ýetmiş tonna çenli tozany öz üstünden geçirip, howanyň ekologiýa taýdan has-da arassa bolmagyny üpjün edýär.

Garagum - bereketli hum

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň çar künjegi bagy-bossanlyga beslenip, daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek işi döwlet derejesinde esasy meseleleriň birine öwrüldi. Garagum sährasy halkymyzyň genji-hazynasy, pederlerimiziň nesillerimize goýan uly mirasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň II tomunda: «Suwuň, topragyň, howanyň we ösümlikleriň syrlaryna göz ýetirmek babatdaky gadymy ylym biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilipdir. Olar üçin daşky gurşawyň peýdaly häsiýetlerine göz ýetirmek diňe bir bähbit bolman, eýsem kähalatda ýurdumyzyň ýeke-täk mümkinçiligi hem bolupdyr» diýip belleýär. Tebigat durmuşyň ynsana eçilen ajaýyp peşgeşi. Şol bahasyna ýetip bolmajak gözelligi goramak, oňa hyzmat etmek her birimiziň borjumyzdyr. Tebigaty söýmek, onuň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek Watana hyzmat etmek, ony goramak bilen deň hasap edilýär. Arkadagly Serdarymyz her bir çykyşynda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, bar bolan kanunlara zerur bolan üýtgetmeleri

Daşky gurşawy goramak

Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni biziň ýurdumyzda uly dabaraly çäreleriň utgaşmagy bilen bellenilip geçilýär. Daşky gurşaw — biziň öýümiz, ojagymyz, ýaşaýşymyzyň binýady. Daşky gurşawyň arassa bolmagy sagdyn ýaşaýyş jemgyýetini gurmagyň gözbaşydyr. Daşky gurşaw öz içine giň düzüm böleklerini jemleýär. Toprak, suw, daglar, düzler, ösümlik we haýwanat dünýäsi tebigatyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, biri-birine baglanyşyklylykda adamzadyň ýaşaýşynda möhüm orun tutýar. Şonuň bilen birlikde daşky gurşawyň düzüm bölekleriniň baglanyşygyna we bitewüligine adamzat täsiri örän uludyr. Sagdyn ýaşaýyş jemgyýetini döretmekde tebigatyň iň bir ajaýyp baýlyklarynyň biri hem ösümlik dünýäsidir. Munuň esasy sebäbi, ösümlik dünýäsi Ýer togalagynyň öýkeni hasaplanylýar. Daşky gurşaw, tebigat, bag, ösümlik dünýäsi barada söz açylanda, ilkinji nobatda, olaryň daş-töweregimizi gülzarlyga büräp, ynsanlara berýän ruhy lezzeti hakydaňa gelýär.

Çynarlar jülgesi

Zenjebiliň melhemlik häsiýeti

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, bejeriş-öňüni alyş işlerinde tebigy serişdelere, sagdyn durmuş ýörelgelerine uly üns berilýär. Dümewiň öňüni almakda, bedeniň immunitetini berkitmekde, ýagny goranma ukybyny, işjeňligini ýokarlandyrmakda zenjebiliň (imbir) köküniň peýdaly bejeriş täsirleriniň bardygy öňden mälimdir. Zenjebil derman ösümlikleriniň iň meşhurlarynyň biridir. Ol lukmançylykda dürli keselleri bejermekde, öňüni almakda, aşpezlikde bolsa naharlara tagam beriji hökmünde ulanylýar.

Täsin tebigy şekiller

Türkmen tebigatynda täsinlikler, geň-taňlyklar gaty kän. Hydyr gören bu gadymy toprak tebigy täsinliklere diýseň baý. Esasan-da, ösümlikler dünýäsinde heniz syry açylmadyk geň-enaýylyklara köp gabat gelmek bolýar. Daş-töweregimizi gurşap alan ösümlikler dünýäsine syn edip oturşymyza, göräýmäge üýtgeşik bir zada gözüň düşmejek ýaly. Ýöne has ünsli bolup, içgin synladygyňça, islendik agaçda haýsy-da bolsa bir şekili görmek bolýar. Köp ýyllardan bäri daýhançylyk bilen meşgullanyp, durmuşymda bir sapakda iki gawunyň bitmegi, ynsan keşbini berýän ýeralma, kädi ýaly täsinliklere kän gabat geldim. Bu bolsa meniň ösümliklerde tebigy şekilleriň döreýşi bilen gyzyklanmagyma we olary ýygnap, köpeltmegime sebäp boldy.

Guşlar tebigatyň bezegi

Käkilik şirin owazly, ajaýyp saýrak guş bolup, olar köplenç süri bolup ýaşaýar. Käkiligiň özboluşly owazly saýraýşy beýleki guşlaryň saýraýşyna asla meňzemeýär. Bu guşuň ady onuň käkeläp saýraýşy bilen baglydyr. Saýramak ähli guşlara mahsus, ýöne olar ir säher bilen saýraşýar. Bu guşlar sülgünler maşgalasyna degişli bolup, uçup gitmeýän, ýagny oturymly guşlaryň biri hasaplanylýar. Käkilik Merkezi Köpetdagda, Uly we Kiçi Balkanda, Bathyzda, Murgap, Amyderýa, Tejen sebitlerinde we Merkezi Garagumuň birnäçe ýerlerinde duş gelýär. Dag gaýalarynda we gyrymsy agaçlaryň köp ýerinde ýaşamaga ukyplydyr. Olar köplenç topartopar bolup gezip, diňe köpeljek wagtlary ikibir bolup ýaşap başlaýar. Käkiligiň iki görnüşi bolup, olaryň birine çöl, beýlekisine adaty käkilik diýilýär.

Howa maglumaty

Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ba­ra­da­ky gul­lu­gy­nyň ýur­du­myz­da şu hep­dä­niň do­wa­myn­da bol­jak ho­wa­nyň ýag­da­ýy ba­ra­da ber­ýän mag­lu­ma­ty Bal­kan we­la­ýa­tyn­da: az-kem bu­lut­ly, hep­dä­niň ahy­ryn­da üýt­gäp dur­ýan bu­lut­ly ho­wa bo­lup, az-kem ýa­gyş ýa­gar, ýyl­dy­rym çak­ma­gy müm­kin. Gü­nor­ta-gün­do­gar­dan de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ra ug­ru­ny üýt­ged­ýän, tiz­li­gi se­kunt­da 8 — 13 metr­den 12 — 17 met­re ýet­ýän şe­mal öw­ser. Ho­wa gi­je­le­ri­ne +20... +25 gra­dus­dan +25... +30 gra­dus ara­ly­gyn­da ma­ýyl, gün­diz­le­ri­ne +37... +42 gra­dus ys­sy, we­la­ýa­tyň ke­nar­ýa­ka et­rap­la­ryn­da +31... +36 gra­dus ma­ýyl bo­lar.

Belki, gulakda galsyn!

(Çüm­mük­le­nip çöp­le­nen se­tir­ler) Dog­lan top­ra­gyň du­zu­ny iý­ýän, per­zent­lik mäh­riň bi­len söý­ýän mäh­rem Wa­ta­nyň hak­da bil­mek ju­da parz.

Suw te­bi­gy baý­lyk­dyr

Suw dünýä hojalygynda ulanylýan tebigy serişdeleriň bir görnüşidir. Şo­nuň üçin hem su­wy tyg­şyt­ly ulan­mak, re­je­li peý­da­lan­mak mö­hüm ugur­la­ryň bi­ri­dir. Pe­der­le­ri­miz­den gel­ýän asyl­ly ýö­rel­ge­ler esa­syn­da, su­w tyg­şyt­ly ula­ny­lyp, yl­my ga­ra­ýyş­lar be­ýan edil­ýär. Şeý­le yl­my ga­ra­ýyş­lar esa­syn­da ekin­le­ri dam­ja­la­ýyn usul­da su­war­mak, ekin­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny gow­ulandyr­mak ýo­la go­ýul­dy. Ýur­du­myz ýe­ras­ty suw­la­ra hem baý­dyr. Ýe­ras­ty suw­la­ryň uly gor­la­ry Ýas­ha, Çil­mäm­met­gum, Bat­hyz, Zäh­met, Ga­ra­bil, Re­pe­tek, Gün­do­gar-Üňüz aňyr­sy ýa­tak­la­ryn­da jem­le­nen­dir. Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki düz­lük­ler­de ga­dy­my wagt­lar­da hem ýe­ras­ty suw­lar kä­riz­ler ar­ka­ly çy­ka­ry­lyp­dyr. Mu­nuň özi hem ata-ba­ba­la­ry­my­zyň suw­y tyg­şyt­ly ula­nan­dy­gy­ny aý­dyň be­ýan ed­ýär. Bu barada hal­ky­myz­da en­çe­me na­kyl­lar hem dö­re­di­lip­dir: «Suw ýyg­na­nyp köl bo­lar, köp ýyg­na­nyp — il», «Dam­ja suw­dan tal çy­kar», «Suw akan ýe­ri­ne, bagt — ba­kan ýe­ri­ne», «Suw akar — göz ba­kar», «Aryk­dan suw akar, daý­ha­na Hu­daý ba­kar». Şeý

Abadançylygyň, tämizligiň baýramy

Şu gün — 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä günüdir. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bu  sene baýram edilip, şu mynasybetli ençeme baýramçylyk çäreleri guralýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly ekologiýa, tebigaty goramak syýasatynyň berýän miwesidir. Belli bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ata Watanymyzyň ajaýyp tebigatynyň baýlyklaryny, gözelliklerini artdyrmak, ösümlik we haýwanat dünýäsini giňeltmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň çäklerinde bagy-bossanlyga öwrülen ýerler, tokaýlar, tebigatyň gözel mesgenleri barha artýar. Munuň şeýledigini  welaýatymyzyň mysalynda hem aýdyň görýäris.  Garagumyň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň, onuň Daşoguz şahasynyň gurulmagy bilen, welaýatymyzyň ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýy gowulanýar, mal örüleriniň suw üpjünçiligi kadalaşýar. Gadymy Bötendagyň golaýynda uly tokaý zolagynyň döredilmegi Aral deňziniň bu sebitiň ekologiýasyna ýetirýän ýaramaz täsirlerini peseltmekde örän ähmiýetli bolýar. Welaýatymyzyň şäherlerinde, obalarynda täze baglar, seýilgähler, miweli, saýaly, tut agaçlarynyň hatarlary peýda bolýar.

Gözel tebigaty ýangyn howpundan goralyň

Tebigatyň täsinliklerini goramak, ony aýawly saklamak biziň her birimiz üçin mukaddes borçdur. Şu nukdaýnazardan hem gözel tebigatymyzda, tokaý seýilgäh zolaklarynda, daglyklardyr düzlüklerde, öri-sähra meýdanlarynda, adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak üçin edilmeli işler we geçirilmeli çäreler barada ýatlap geçmek möhümdir. Tokaý seýilgäh zolaklarynda ekilen arça agaçlaryň aralyklary guran dürli haşal otlardan wagtynda arassalanyp, sürüm işleri geçirilip, zolak we hatar aralarynda ýangyna garşy araçäkleri döretmeli. Her bir bölünip berlen çäkler ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilmelidir. Ot ýakmazlyk baradaky suratly ýatlamalar görnükli edilip goýulmalydyr. Bölünen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine ýörite jogapkär adamlar bellenilmelidir.

Amyderýa: gaýtalanmajak gözellikleriň goragynda

Uly ösüşlere beslenýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň «Amyderýa» döwlet tebigy goraghanasy üçin hem aýratyn ähmiýetli ýyllaryň birine öwrülýär. Çünki şu şanly ýylda goraghananyň döredilenine 40 ýyl dolýar. Bu senäniň beýik işlere beslenýän şanly ýyla gabat gelmegi goraghananyň işgärleriniň başyny göge ýetirýär. Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, il-günümizi bolelin durmuşda ýaşatmagyň hatyrasyna alyp barýan işleriniň hatarynda türkmen tebigatynyň baýlyklaryny, ekologiýany goramak baradaky möhüm wezipäni hem ünsden düşürmeýär. Hormatly Prezidentimiz ýokary döwlet wezipesine girişen güni: «Howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar» diýip, bu işe mundan beýläk hem döwlet derejesinde üns beriljekdigini aýtdy.