Garagum - bereketli hum

8 Iýun 2022
1134

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň çar künjegi bagy-bossanlyga beslenip, daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek işi döwlet derejesinde esasy meseleleriň birine öwrüldi. Garagum sährasy halkymyzyň genji-hazynasy, pederlerimiziň nesillerimize goýan uly mirasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň II tomunda: «Suwuň, topragyň, howanyň we ösümlikleriň syrlaryna göz ýetirmek babatdaky gadymy ylym biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilipdir. Olar üçin daşky gurşawyň peýdaly häsiýetlerine göz ýetirmek diňe bir bähbit bolman, eýsem kähalatda ýurdumyzyň ýeke-täk mümkinçiligi hem bolupdyr» diýip belleýär. Tebigat durmuşyň ynsana eçilen ajaýyp peşgeşi. Şol bahasyna ýetip bolmajak gözelligi goramak, oňa hyzmat etmek her birimiziň borjumyzdyr. Tebigaty söýmek, onuň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek Watana hyzmat etmek, ony goramak bilen deň hasap edilýär.

Arkadagly Serdarymyz her bir çykyşynda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, bar bolan kanunlara zerur bolan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleri alyp barmagy nygtap geçýär. Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek we tokaýlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri.

Berdimyrat HALLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.