Uka giden derýanyň kenarynda

14 Iýun 2022
1126

Gadym döwürlerde hem günbatar Garagum sährasy bagy-bossanly, gül-gülüstanly ýaýla bolupdyr. Tebigy gözellige jan berýän bol suwly derýa bu Hydyr gören sährany kesip geçýän eken. Oňa öňki zamanlarda «Araks», aga-ýana bolup, göçüp ýören çarwa halk bolsa, «Tüni derýa» adyny goýupdyr, biziň günlerimizde bolsa, oňa «Uzboý» diýýärler.

Ir döwürler derýa özbaşdak hana bolup, ol Turan düzlüginiň günbatar böleginde ýerleşipdir we Sarygamyş çöketliginiň günortasyndan başlap, tä Hazar deňzine çenli baryp ýetipdir. Geografiýaçy alymlaryň aglabasy Uzboýuň dörän zamanynyň Turan düzlüginiň giňişliginden deňiz suwlarynyň çekilip, oň ýerine täze relýefiň dörän döwri bilen gabat gelýändigi dogrusyndaky çaklamany hakykata ýakyn hasaplaýarlar. Geologlar hem edil şol zamanlarda uç-gyraksyz Garagumuň emele gelendigi barasyndaky çaklamadan ugur alýarlar, onuň günbatar böleginde bolsa, güýçli tebigy hadysalaryň netijesinde Aral deňzi hem-de Sarygamyş çöketligi emele gelipdir, bu çöketlik ýuwaş-ýuwaşdan ekine-dikine ýaramly süýji suwdan dolupdyr.

Nurmyrat MÄMMEDOW,
Balkan welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň bölüm başlygy.