Amyderýa: gaýtalanmajak gözellikleriň goragynda

31 Maý 2022
1423

Uly ösüşlere beslenýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň «Amyderýa» döwlet tebigy goraghanasy üçin hem aýratyn ähmiýetli ýyllaryň birine öwrülýär. Çünki şu şanly ýylda goraghananyň döredilenine 40 ýyl dolýar. Bu senäniň beýik işlere beslenýän şanly ýyla gabat gelmegi goraghananyň işgärleriniň başyny göge ýetirýär.

Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, il-günümizi bolelin durmuşda ýaşatmagyň hatyrasyna alyp barýan işleriniň hatarynda türkmen tebigatynyň baýlyklaryny, ekologiýany goramak baradaky möhüm wezipäni hem ünsden düşürmeýär. Hormatly Prezidentimiz ýokary döwlet wezipesine girişen güni: «Howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar» diýip, bu işe mundan beýläk hem döwlet derejesinde üns beriljekdigini aýtdy.

Karýagdy SETDAROW,
«Amyderýa» döwlet tebigy goraghanasynyň direktory. Surata düşüren Merdan ORAZOW.