Abadançylygyň, tämizligiň baýramy

5 Iýun 2022
1116

Şu gün — 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä günüdir. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bu  sene baýram edilip, şu mynasybetli ençeme baýramçylyk çäreleri guralýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly ekologiýa, tebigaty goramak syýasatynyň berýän miwesidir.

Belli bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ata Watanymyzyň ajaýyp tebigatynyň baýlyklaryny, gözelliklerini artdyrmak, ösümlik we haýwanat dünýäsini giňeltmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň çäklerinde bagy-bossanlyga öwrülen ýerler, tokaýlar, tebigatyň gözel mesgenleri barha artýar. Munuň şeýledigini  welaýatymyzyň mysalynda hem aýdyň görýäris.  Garagumyň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň, onuň Daşoguz şahasynyň gurulmagy bilen, welaýatymyzyň ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýy gowulanýar, mal örüleriniň suw üpjünçiligi kadalaşýar. Gadymy Bötendagyň golaýynda uly tokaý zolagynyň döredilmegi Aral deňziniň bu sebitiň ekologiýasyna ýetirýän ýaramaz täsirlerini peseltmekde örän ähmiýetli bolýar. Welaýatymyzyň şäherlerinde, obalarynda täze baglar, seýilgähler, miweli, saýaly, tut agaçlarynyň hatarlary peýda bolýar.

«Daşoguz habarlary».