Seýran etsek, gunçasyna, gülüne...

14 Iýun 2022
1365

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda güneşli Diýarymyzda syýahatçylyk pudagy pajarlap ösýär. «Kelif» aýratyn çäkli goraghanasy hem syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerleriniň biri. Ol Lebap welaýatynyň «Amyderýa» döwlet tebigy goraghanasynyň düzüminde ýerleşýär.

Bu aýratyn çäkli goraghana 1970-nji ýylda Türkmenistanyň gündogar böleginde gyşlaýan suw guşlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, gorap saklamak, olaryň köpelmegine amatly şertleri döretmek maksady bilen açyldy. Meýdany 103 müň gektarlyk ajaýyp künjek Garagum derýasynyň sakasyndan 40 kilometr aşakda, Kelif kölüniň sebitinde ýerleşip, uzynlygy demirgazykdan günorta çenli 46 kilometr, gündogardan günbatara çenli bolsa, 40 kilometr uzalyp gidýär.

Oral TEMIROW,
Lebap welaýatynyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň agzasy.