Täsin tebigy şekiller

7 Iýun 2022
1060

Türkmen tebigatynda täsinlikler, geň-taňlyklar gaty kän. Hydyr gören bu gadymy toprak tebigy täsinliklere diýseň baý. Esasan-da, ösümlikler dünýäsinde heniz syry açylmadyk geň-enaýylyklara köp gabat gelmek bolýar.

Daş-töweregimizi gurşap alan ösümlikler dünýäsine syn edip oturşymyza, göräýmäge üýtgeşik bir zada gözüň düşmejek ýaly. Ýöne has ünsli bolup, içgin synladygyňça, islendik agaçda haýsy-da bolsa bir şekili görmek bolýar. Köp ýyllardan bäri daýhançylyk bilen meşgullanyp, durmuşymda bir sapakda iki gawunyň bitmegi, ynsan keşbini berýän ýeralma, kädi ýaly täsinliklere kän gabat geldim. Bu bolsa meniň ösümliklerde tebigy şekilleriň döreýşi bilen gyzyklanmagyma we olary ýygnap, köpeltmegime sebäp boldy.

Dursun JUMAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ýaşaýjysy, mirasgär.