Tebigatymyzyň gözelligini goralyň!

9 Iýun 2022
1436

Gadyrly çagalar! Biziň ýurdumyzyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri-de emeli döredilýän tokaý-seýilgäh zolaklarydyr. Ýer atmosferasynyň kislorodynyň altmyş göterimi tokaý-seýilgäh zolaklarynyň baglaryndan emele gelýär. Orta boýly bir bag nahaly bir gije-gündiziň dowamynda üç adamyň dem almagy üçin gerekli bolan kislorody gaýtadan işläp, bölüp çykarýar.

Tokaý-seýilgäh zolaklarynyň bir gektary bolsa, şol bir wagtyň özünde bäş müň adamyň dem alyp, bölüp çykarýan ýigrimi dört kilogram kömürturşy gazyny özüne çekýär. Bir ýylyň dowamynda tokaý-seýilgäh zolaklarynyň bir gektary elliden ýetmiş tonna çenli tozany öz üstünden geçirip, howanyň ekologiýa taýdan has-da arassa bolmagyny üpjün edýär.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 6-njy bölüminiň müdiri.