Guşlar tebigatyň bezegi

6 Iýun 2022
1346

Käkilik şirin owazly, ajaýyp saýrak guş bolup, olar köplenç süri bolup ýaşaýar. Käkiligiň özboluşly owazly saýraýşy beýleki guşlaryň saýraýşyna asla meňzemeýär. Bu guşuň ady onuň käkeläp saýraýşy bilen baglydyr. Saýramak ähli guşlara mahsus, ýöne olar ir säher bilen saýraşýar. Bu guşlar sülgünler maşgalasyna degişli bolup, uçup gitmeýän, ýagny oturymly guşlaryň biri hasaplanylýar.

Käkilik Merkezi Köpetdagda, Uly we Kiçi Balkanda, Bathyzda, Murgap, Amyderýa, Tejen sebitlerinde we Merkezi Garagumuň birnäçe ýerlerinde duş gelýär. Dag gaýalarynda we gyrymsy agaçlaryň köp ýerinde ýaşamaga ukyplydyr. Olar köplenç topartopar bolup gezip, diňe köpeljek wagtlary ikibir bolup ýaşap başlaýar. Käkiligiň iki görnüşi bolup, olaryň birine çöl, beýlekisine adaty käkilik diýilýär.

Atageldi BORJAKOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärler bölüminiň hünärmeni.