Çynarlar jülgesi

8 Iýun 2022
1152

Berdaşly bedeni agyr külpetlerden mäkäm taplanan garry gojany ýatladyp duran beýik we ýaýraň, ýogyn hem çal sütünli çynar agajy üstünden asyr aşyryp, gojaman taryhyň dilsiz-agyzsyz şaýady bolup otyr. Jokrama yssyda ýakyp-ýandyryp barýan Günüň howrundan gorap, kölegesinde giden halaýyga orun berýän agajyň jana şypaly howasy derde derman. Şol sebäpli il içinde paýhasly, kyn günüňde hemaýaty ýetýän ynsanperwer kişilere «Çynar ýaly saýaly» diýilýär. Ene-mamalarymyz gyralary kert-kert çynar ýapragyna meňzedilip salynýan nagşy «çynarýaprak» diýip atlandyryp, türkmen halylaryna siňdiripdirler. Il içinde mukaddeslik saýylýan bu agaç baradaky dürli gürrüňlerdir hekaýatlary, rowaýatdyr tymsallary bolsa agyzdan-agza, dilden-dile geçirip, biziň günlerimize ýetiripdirler.

Gözel Köýtendagyň etegini «çynarlar jülgesi» adyna eýe bolan jülge bezäp otyr. Şol ajaýyp jülge barada bolsa şeýle bir rowaýat bar. Gadym döwürlerde dagyň eteginde parahat oturan küren oba duýdansyz ýagy çozanmyş. Ýer sürüp, ekin ekip ýören pälwan ýigitler haýdan-haý ellerine ilen goş-golamlaryny alyp, söweşe çykypdyrlar, egin-egne berip, barlyşyksyz söweşipdirler. San taýdan duşmanlar agdyk bolsa-da, gerçekler soňky demine çenli göreşip, ýagyny yzyna gaýtarypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen, il-gün üçin şirin janyny gurban eden gerçekleriň duşman bilen söweşen ýerinde sansyz agaç gögerip, olar dura-bara ösüp-ulalyp, äpet agaçlara öwrülipdir. Biri-birine gol berip duran şahalar pälwan ýigitleriň berdaşly gollaryna, ýogyn sütünler bolsa gerçekleriň gapak ýaly döşlerine, gyralary gädik-gädik penje şekilli ýapraklary bolsa olaryň zähmete bişişen berdaşly ellerine, dikligine ösen uzyn boýy gahrymanlaryň syrdam göwresine meňzäp duranmyş. Rowaýatda aýdylyşyna görä, şol söweşde şehit bolan arslan ýürekli ýigitleriň ruhy çynar agajyna siňenmiş. Är ýigitleriň ýaşamadyk ömrüni bolsa Biribar çynar agajyna peşgeş berenmiş. Şeýdibem çynar agajy iň uzak ýaşaýan agaja öwrülenmiş. Hut şonuň üçin hem bu agaja palta urmak ýa-da synasyna pyçak çekmek günä hasaplanylýar. Däp-dessura öwrülip giden bu ynanç çynarlar jülgesini alkymlap oturan obanyň uludan-kiçisine pent bolup, ýazylmadyk kada öwrülip galypdyr.

Zülfiýa HOJANAZAROWA,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.