Wagtyndan öň doglan bäbekleriň oftalmologiki skriningiň we monitoringiň sanly innowasion tehnologiýalary
Wagtyndan öň doglan bäbekleriň (WÖDB) görüş ulgamynyň patologiýasy çaga oftalmologiýasynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Agyr keselleriň arasynda esasy duş gelýän WÖDB-iň retinopatiýasy (RP), görüş nerwiniň bölekleýin atrofiýasy, glaukoma, dogabitdi miopiýa körlüge eltýän ösüş anomaliýalarydyr [1, 2]. WÖDB-de görüş boýunça maýyplygyň öňüni almak irki döwürlerde keseli anyklamak we wagtynda başlanan bejergi bilen baglydyr. Ösen döwletlerde körlüge getirýän öňdebaryjy sebäpleriň biri, WÖDB-iň retinopatiýasy bolup durýar, bu bolsa ýokary tehnologiýaly keseli anyklamak usulyny talap edýär. Agramy 2500 g-dan az bolan täze doglan bäbekler üçin gözüň torly perdesiniň patologiýasynyň irki anyklanylmagy, gaýdymsyz üýtgeşmeleriň öňüni almak üçin oftalmologik monitorlama usullarynyň geçirilmeginiň lukmançylyk-sosial ähmiýeti bardyr [3]. Ol bu keseliň kliniki alamatlarynyň aýratynlyklary, ir ýüze çykmagy (WÖDB-iň ömrüniň ilkinji hepdelerinde) we okgunly geçişi bilen baglydyr [7].