Trawmatiki asfiksiýa bilen gaýraüzülen döş kapasasynyň ýapyk şikesi

14 Iýun 2021
1512

Döş kapasasynyň ýapyk şikeslerini anyklamak we bejermek torakal hirurgiýanyň we trawmatologiýanyň wajyp meselesi bolup durýar [1, 3-5]. Şikes asfiksiýasy döş kapasasynyň we garyn boşlugynyň gysga wagtlaýyn (ortaça 2-5 minut) gysylmagy ýa-da basylmagy netijesinde bolýar [2, 5, 8]. Parahatçylyk döwründe önümçilik, durmuş, ýol-ulag hadysalarynda duş gelýär. Şikes asfiksiýasyndan ejir çeken adamlarda derisiniň reňkiniň goýy gyrmyzy reňkden gara-gök reňke çenli üýtgemegi bolýar. Ýüzüň, kelläniň we boýnuň ownuk gan inmeleri bilen sianozy, şeýle-de, subkonýunktiwal gan inmeler mahsusdyr. Agyz boşlugynda diliniň çişmegi, diş etiniň, diliň we bokurdagyň nemli bardasynda ownuk nokatly gan inmeler ýüze çykýar. Gursagiçki basyşyň ýokarlanmagy esasynda gan damarlarynyň, aýratyn hem ýokarky portal wenanyň gysylmagyna getirýär, bu hem damarda basyşyň birden ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Ses perdeleriniň reflektor gysylmagy döreýär, gursagiçki basyş ýokarlanýar we onuň netijesinde, kelle we boýun gan damarlarynda ganyň köpelmegi bilen ýürege barýan ganyň mukdary azalýar. Şikes asfiksiýasy näsagyň arzlarynyň, anamneziniň, şikesiň döreýiş mehanizminiň, kliniki we enjamlaýyn barlaglaryň esasynda kesgitlenilýär [2, 6-8].

Döş kapasasynyň ýapyk şikesiniň netijesinde, ýüze çykan şikes asfiksiýaly kliniki gözegçiligimizi dykgatyňyza ýetirýäris.

Çerkez HANNYÝEW, Nur KÖMEKOW, Akmyrat MÄMMEDOW, Gylyç RIZAÝEW
Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň urologiýa okuwly fakultet hirurgiýa kafedrasy
Beýleki habarlar