Diýarymyz ösüşleriň, özgerişleriň mekany
Eziz Diýarymyz ösüşleriň, özgerişleriň mekanydyr. Şeýle ösüşi türkmen halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri bu günki günde has-da rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler halkymyzda Watana bolan söýgini berkidýär, işlemäge, beýik ösüşlere goşandyňy goşmaga ruhlandyrýar. Indi ýurdumyzda her ýyla mynasyp at bermek asylly däbe öwrüldi. Täze, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa göwünleri has-da galkyndyrdy. Täze ýylyň şygarynda ýaşlara bildirilýän beýik ynam, buýsanç, olar hakda edilýän alada aýdyň beýanyny tapýar. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygy, asudalygy we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar, ýaşlar, geljegimiz bolan ýaş nesiller hakyndaky aladanyň durmuş syýasatynda dabaralanýandygyny, ýaşlara bildirilýän ynamyň uludygyny görkezýär. Ýaşlar hakyndaky aladalary döwlet syýasaty derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garap, olara uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň tä