"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Galkan şekilli mäziň patologiýasynyň göwrelilige we dogruma täsiri

Endokrinopatiýalaryň arasynda galkan şekilli mäziň keselleri öňdäki hatarda durýar [4, 15]. Şeýle-de, dünýäniň dürli ýurtlarynda bu kesel bilen keselleýjilik ýyl-ýyldan artýar [13, 17]. Olaryň esasylaryna autoimmun genezli keseller, zobuň düwünli görnüşleri, howply çişler, ýod ýetmezçilik keselleri degişlidir [1, 7, 10, 16]. Zobuň patogenezinde esasy orun autoimmun mehanizmlere berilýär [5, 9]. Aýry ösümliklerden edilen iýmitiň üsti bilen bedene düşýän tiosinatyň we tiooksizolidonyň zobogen täsiri bolýar [3]. Dürli ýokanç keseller hem galkan şekilli mäze (GŞM) şular ýaly täsirini ýetirip bilýärler [2]. GŞM-niň patologiýasynyň ösüşinde derman serişdeleriň, makro- we mikroelementleriň hem belli bir täsiri bolup biler [4]. Endemiki zobuň emele gelmeginde nesle geçijilik (genetiki) faktorlaryň ähmiýeti barada maglumatlar hem bar. Şunlukda, probanda ganybir garyndaşlygyň dürli derejesi bolan adamlarda endemiki zob bilen kesellemek derejesinde möhüm statistik tapawutlar anyklanyldy. Bu netije nesil yzarlaýjylyga daşky faktorlaryň täsiriniň wajyplygyny subut edýär [1, 2].

Multifokal aterosklerozly näsaglarda damarlary stentirlemegiň netijeliligi

Ateroskleroz – ulgamlaýyn kesel bolup, köplenç, dürli ulgamlaryň damarlaryny birbada zeperleýär [1, 2, 4]. Halkara REACH registriň maglumatlaryna görä, 20% töweregi ýüregiň işemiýa keseli (ÝIK), beýniniň işemiýasy ýa-da aýaklaryň damarlarynyň aterosklerozy bolan näsaglarda başga ulgamlaryň hem damarlarynda aterotromboz alamatlary bolýar, bu näsaglaryň 2%-de bolsa damarlaryň ählisiniň zeperlenmesi anyklanýar. Şeýle-de, ýaşyň ýokarlanmagy bilen damarlaryň aterosklerotik zeperlenme howpy hem artýar. Multifokal aterosklerozly näsaglar çylşyrymly topar bolup, olar amatly bejergi usulyny saýlap almakda we keseliň netijesini çaklamakda kynçylyk döredýär [3, 5]. Häzirki wagtda multifokal aterosklerozly näsaglaryň amatly bejergi usulyny saýlamak jedelli mesele bolmagynda galýar. Böwrek we brahiosefal arteriýalaryň (BSA) utgaşykly geçýän aterosklerozy koronar şuntirleme döwründe perioperasion gaýra üzülmeleriň döreme howpuny artdyrýar. Kliniki gözegçiligimizde köpsanly damarlaryň ateroskleroz bilen zeperlenmegi hem-de ýokary howp derejesi bolan näsaglarda endowaskulýar bejerginiň giň mümkinçilikleri görkezilýär.

Arkadagyň serpaýy

Gahryman Arkadagymyz çuňňur many-mazmunly durmuş kadalaryny özünde jemleýän, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ýol-ýörelgeleri barada söhbet açýan kitaplaryny halkymyza yzygiderli sowgat berýär. Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň neşir edilip halka gowuşmagy onuň aýdyň subutnamasydyr. Kitap «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölümlerden ybaratdyr. Täze eserde halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleri, ýeten belent derejesi barada söhbet açylýar. Şol bir wagtda ata-babalarymyzyň beýik işleri, türkmen topragynyň gülläp ösüşleri, saz, söz, sungat, medeniýet, parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, milli garaýyşlar, duýgy-düşünjeler, döwletlilik, adalat, taryh hem miras, şu gün hem geljek hakynda giňişleýin pikir ýöredilýär. Şu günüň we geljegiň beýik başlangyçlary öňe sürülýär.

Beýik geljekli Diýar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýär. 12-nji mart aýratyn möhüm sene hökmünde ýurdumyzyň taryhynda mydamalyk orun eýeledi. Çünki halkymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Prezidentini saýlamak üçin ses berdi. Saýlawyň netijesi halkyň çuňňur ynam bildiren mynasyp şahsyýetini öňe çykardy. Prezident saýlawlary Türkmenistanyň gülläp ösüşindäki täze tapgyryň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasyna altyn sahypa bolup girdi. Bu saýlawlar halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, demokratik ýörelgelerini berkitmek, ýurdumyzy ösdürmek eziz Diýarymyzy beýgeltmek ýolunda möhüm ädimdir. Prezident saýlawlarynyň netijeleri hormatly Prezidentimiziň amala aşyrjak döwlet syýasatyny hem-de maksatnamalaýyn işlerini türkmen halkynyň tüýs ýürekden goldaýandygyny bütin dünýä äşgär etdi. Mähriban halkymyz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlap, özüniň bagtyýar durmuşynyň, beýik ösüşleriniň täze tapgyryna ynamly gadam basdy. Halkymyz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine hem-de onuň halkara abraýynyň has-da belende galjakdygyna berk ynanýar. Halkymyz agzybirligi, jebi

Nowruz geldi äleme

Milli bahar baýramy halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan baýramlaryň biridir. Ol ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsinden kemala gelip, täzelenişiň müň bir öwüşginine beslenýär. Nowruz adamzadyň kalbyna ruhubelentligi, şatlyk-şowhuny we mähir-muhabbeti bagyş edýän baýram. Milli bahar baýramy halkymyzyň özboluşlylygyny, ajaýyp däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bolsa her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip, yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi.

Saglygy goraýyş ulgamy ösüşli ýollarda

Eziz Diýarymyzda adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde beýik işler amala aşyrylýar. Keselleriň öňüni almakda hem-de bejermekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edilýär. Saglygy gorayşyň maddy enjamlaýyn binýady düýpli pugtalandyrylýar. Ulgamy düýpli özgertmäge gönükdirilen kanunlar we kadalaşdyryjy namalar işlenip düzülýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ülňülerine layyk gelýän iri saglyk desgalary gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. Türkmenistan döwletimizde «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. «Biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzda adamlaryň saglygyny goramak, howpsuzlygyny üpjün etmek esasy maksat bolup durýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz belleýär. Eziz Diýarymyzda ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşan iri halkara guramasynyň — Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) arasynda hyzmatdaşlygy has-da berkidilýär.

Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyna garşy «Sputnik-V» bilen waksinasiýadan soňky köpçülikleýin immunitet

Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylarynyň galkan şekilli mäziniň göwrüminiň barlagy

Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda galkan şekilli mäziň keselleri giňden ýaýrandyr. Galkan şekilli mäziň gormonlary - bedeniň metaboliki hadysalarynyň sazlaýjysydyr. Galkan şekilli mäziň gormonynyň emele gelmegi üçin wajyp mikroelement – ýod zerur bolýar. Ýoduň adekwat mukdarda bedene düşmegi, aýratyn hem düwünçek üçin, ýaňy doglan bäbekler, çagalar, şeýle-de, göwreli we emdirýän zenanlar üçin zerurdyr. Daşky gurşawda ýoduň mukdarynyň ýetmezçiligi ýa-da artykmaçlygy netijesinde, dürli bozulmalar ýüze çykyp biler. Ýoduň ýetmezçiligi diňe bir ösýän ýurtlarda däl-de, eýsem, senagat taýdan ösen ýurtlarda hem ýaýrandyr. Bu döwletlerde pes ýa-da aram ýod ýetmezçilik seýrek bolmaýar. Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, ýoduň ýetmezçiligi bütin dünýäde 2 milliardan gowrak adamlarda duş gelýär we aň taýdan yza galmagyň esasy sebäbi bolup, onuň öňüni alyp bolýar [4]. Ýokanç däl keselleriň arasynda ýod ýetmezçilikli keseller has giň ýaýrandyr. Hormatly Prezidentimiz bu meselä endemiýa bilen baglanyşykly döreýän kesel diýip, aýratyn üns berýär [1, 2]. Türkmenistanda 1999-2000-nji ýyllarda geçirilen ýod ýetmezçiligi bilen baglanyşykly epidemiologiki barlaglaryň netijesinde, ilatyň arasynda ýoduň ýetmezçiligi anyk

Uweitleriň dürli görnüşleriniň hassahana keselçiliginiň seljermesi

Uweitleriň dürli görnüşleriniň anyklanyşynyň çylşyrymlylygy, köplenç, dowamly geçişi we yzygiderli bejergi geçirmek zerurlygy, şeýle-de, bu keselçilik bilen bagly ýüze çykýan lukmançylyk-durmuş meseleleri bütin dünýade oftalmologlaryň ünsüni özüne çekýär. Dürli täze bejergi usullarynyň amaly lukmançylykda ornaşdyrylmagyna garamazdan, uweitler bejergisi kyn bolan keselleriň biri bolmagyna galýar [1, 3, 5]. Soňky on ýylda dünýäde uweitler bilen kesellemegiň yzygiderli ösüşine gözegçilik edilýär, bu kesel bilen kesellänleriň esasy düzümini bolsa ýaşlar we zähmete ukyply şahsyýetler tutýar [3, 7]. Uweitler gözüň iň agyr alawlama keselleriniň biri bolup, ol etiologik faktorlaryň köpdürlüligi, patogeneziniň çylşyrymlylygy, gaýra üzülmeleriň ýygylygy bilen häsiýetlendirilýär. Körlügiň we pes görüşiň sebäpleriniň arasynda esasy orunlary eýeleýän uweitleriň dürli görnüşlerinde patogenetik hadysalary innowasion usullaryň kömegi bilen ylmy esasda öwrenmek öňe sürülýär [1, 2]. Ylmy çeşmelerde sebitlerde uweitleriň dürli görnüşleriniň ýaýraýşyna geografik, genetik, lukmançylyk-durmuş we ekologiýa ýagdaýlarynyň täsir edip bilýänligi barada käbir maglumatlar bar [1, 3]. Türkmenistanda gurak we gyzgyn, düýpli kontinental howa şertlerinde ýaşaýan ýaşaý

Arterial gipertoniýaly näsaglaryň bejergä bolan höwesliligine baha bermek

Arterial gipertenziýa (AG) kardiowaskulýar gaýra üzülmeleriň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar. Bu gaýra üzülmelerden ölümçilik soňky on ýyllykda dünýäde birinji ýerde durýar [2]. Dowamly täsir edýän gipertenziýa garşy dermanlaryň kämilleşdirilmegi, islenmedik täsirleri azaldylan utgaşdyrylan dermanlaryň döredilmegi lukmançylyk tejribesinde AG-nyň meselesiniň çözülmeginiň gowulaşmasyna itergi berdi. Emma beýle ýagdaýda hem AG-ly näsaglaryň kesgitli göterimi lukmanlar tarapyndan bellenen bejergini komplaýentli däller (KPD) ýeterlikli ýerine ýetirmeýärler. Bejergä höweslilik çylşyrymly fenomen bolup, ol lukmançylyk we durmuş üpjünçilik jähtleri bilen utgaşýar [1]. Netijede, näsaglaryň bellenen bejergini dogry berjaý etmezligi, bejerginiň netijeliligine täsir edýän çylşyrymly mesele bolup durýar. Işiň maksady – dispanser hasabynda duran II derejeli AG-ly näsaglaryň bejergä bolan höwesliliginiň derejesini kesgitlemek bilen bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrmak.

Biologiki işjeň häsiýetli türkmen ýüpeginiň hirurgiýada ulanylyşy

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty pudaklary hemmetaraplaýyn ösdi, özgerdi, düýpli kämilleşdirildi [2]. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän lukmançylyk ähmiýetli serişdeleriň ýerli çig mal serişdelerimiziň, olaryň tebigy gorlarynyň hasabyna öndürmek göz öňüne tutulyp, türkmen ýüpeginden alnan tikin sapaklaryny hirurgiýa amalyýetine ornaşdyrmak örän wajyp mesele bolup durýar.

Gemofil ýokanjynyň anyklanylyşynda iki fazaly iýmitlendiriji gurşawlaryň eksperimental ulanylmagynyň netijeleri

Gemofiller – bu Pasteurellaceae maşgalasynyň Haemophilus urugynyň mikroorganizmleridir. Adam patologiýasynda bu ýokançlaryň has ähmiýetlisi Н. influenzae we Н. ducreyi. Bu bakteriýalar fakultatiw anaerob, ownuk, gramotrisatel, hereketsiz, sferiki, owoid ýa-da taýajyk görnüşli bolýarlar, wirulent ştammlary polisaharid kapsulany emele getirýärler. Н. influenzae biohimiki häsiýetleri boýunça ureaza, ornitinkarboksilaza fermentleriň barlygy, indoly bölüp çykarmagy esasynda 8 biotipe bölünýär. Haemophilus urugynyň mikroorganizmleri dürli kliniki görnüşlerinde we agyrlyk derejede ýüze çykýan, gartaşan adamlarda, bäş ýaşa çenli çagalarda we peselen immunitetli näsaglarda gemofil ýokanjynyň sebäbi bolup durýarlar.

Diş-äň anomaliýaly çagalardaky üznüksiz kataral gingiwitiň morfogenezinde labrositleriň orny

Üznüksiz kataral gingiwitiň (ÜKG) we agyz boşlugynyň beýleki keselleriniň, şol sanda howply we howpsuz täze döremeleriň patogenezinde labrosit öýjükleriň (LÖ) tutýan orny barada soňky ýyllaryň ylmy edebiýatlarynda giňden bellenilýär [2, 12, 14, 16, 18]. Gaýnaglama hadysasynda labrositleriň ornunyň alymlar tarapyndan çuňňur öwrenilmegi birnäçe sebäpler bilen şertlendirilýär. Birinjiden, labrositler (LS) – multipatent öýjükler bolup, bedeniň hemme organlarynda, dokumalarynda duş gelýär, peptidergiki nerw süýümler bilen ysnyşykly gatnaşykda bolup, damarlaryň ýakynynda ýerleşýärler we olaryň sitoplazmasynda ýöriteleşdirilen dänejikler ýüze çykarylýar [3, 4, 8, 15]. Ikinjiden, LÖ birleşdiriji dokumanyň ýerli gomeostazynyň sazlaşdyryjysy bolup durýar we ganyň lagtalanmagynyň peselmegine, gan-dokuma böwediniň geçirijiliginiň ýokarlanmagyna, gaýnaglama hadysasyna, immunogeneze, neoangiogeneze we ş. m. gatnaşýar [4, 7, 12, 13, 15]. LÖ-niň işjeňligine we ösüş döwürlerine laýyklykda, gistohimiki barlaglarda olaryň 4 görnüşi (tipi) tapawutlandyrylýar. Immunogistohimiýanyň ösmegi bilen gistamin bölüp çykaryjy, melatoninemelegetiriji, serotoninemelegetiriji LS-niň görnüşlerini takyklamak mümkinçiligi döredi [8]. LS-niň takyklanmagynyň wajyplygy we mukdar morfometriýasynyň geç

Ilkinji açyk burçly glaukomada görüş nerwiniň diskiniň ekskawasiýasynyň we ganglioz öýjükleriň toplumynyň morfometriki görkezijileri

Glaukoma keseli ýokary ýaýranlygy we körlüge hem maýyplyga getirýän agyr gaýra üzülmeleri boýunça uly lukmançylyk-sosial ähmiýete eýe bolup, oftalmologiýanyň iň derwaýys we möhüm meseleleriniň biridir. Soňky ýyllarda oftalmologiýada gazanylan üstünliklere garamazdan, glaukomanyň etiopatogeneziniň, irki anyklaýşynyň we bejergisiniň köp meseleleri doly öwrenilmedikdir. Ilkinji açyk burçly glaukoma (IABG) köp faktorlara bagly bolan neýrodegeneratiw kesel hasaplanylyp, onuň esasy patofiziologiki häsiýetnamasy görüş nerwiniň dikeldip bolmaýan zeperlenmegi bilen baglydyr. Edebiýatlarda glaukomada köp ýagdaýlarda iň irki perimetriki üýtgemeleriň kesgitlenilmeginden öň görüş nerwiniň diskinde (GND) we torly perdäniň nerw süýümleriniň gatlaklarynda gurluş üýtgemeleriň döreýänligi barada maglumatlar berilýär [3]. Torly perdäniň irki zeperlenmeleriniň we perimetriýa barlagynda görüş meýdanlarynyň kemçilikleriniň ýüze çykmasynyň arasynda 5-7 ýyl geçýär [2].

Üzärligiň halk lukmançylygynda ulanylyşy

Häzirki zaman ylmy lukmançylyk öz gözbaşyny halk lukmançylygynyň gadymyýetden bäri toplan tejribesinden alyp gaýdýar. Halk lukmançylygynyň iň wajyp aýratynlygy onuň bejerişe bütewi beden derejesinde çemeleşmegidir we ulanylýan serişdeleriň tebigylygydyr [1, 8]. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) halk lukmançylygynyň baý tejribesinde ýygnanan maglumatlaryna uly üns berýär, sebäbi ösüp gelýän ýurtlaryň köpüsinde dermanlara bolan isleg, esasan, halk lukmançylygynda ulanylýan serişdeleriň, dermanlyk ösümlikleriň hasabyna üpjün edilýär.

Çagada kelleçanagyň gigant psewdotumorozy

Kelleçanakda süňk deffektini emele getirip, ýokarky sagital sinusy bilen sepleşme döredýän epidermoid döremeleri, köplenç, kiçi ýaşly çagalarda kelläniň saçly böleginde duş gelýär [1]. Bu çiş howpsuz täze döremelere degişli bolup, kellede ýerleşip, ösüp, uly ölçeglere ýetmegi netijesinde, süňk dokumany deformirleýär we kelle beýnä täsirini ýetirip, güýçli kellagyra, görüş bozulmalaryna, psihiki bozulmalara getirýär [2]. Ölçeginiň aşa ululygy sebäpli, hereket çäklenmesine, kosmetiki deffektine getirýär [3]. Siziň dykgatyňyza çagada depe süňküniň deformirläp, ýokarky sagital sinusyň şahalary bilen iýmitlenen gigant epidermoid döremäniň operatiw bejergisini mysal getirýäris.

Kämilligiň binýady

«Ata Watanymyz döredijiligiň we üstünlikleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik bilen meşgullanmagy we her bir täze eseri bagtyýar halkymyzyň ruhy dünýäsine röwşenlik çaýýar. Uly zähmetiň we kämil yhlasyň siňdirilmegi netijesinde binýat bolýan eserlerde öňe sürülýän pikir-garaýyşlar döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugry we bagtyýar nesiller üçin ýolgörkeziji bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz öz döwet galamyndan çykýan kämil eserleri bilen halkymyzy begendirýär we buýsandyrýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi biziň ählimizi buýsandyrdy. Kitapda döwletimiziň häzirki döwrüň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de berkitmek ýaly möhüm wezipelerine anyk, düýpli çemeleşmeleri beýan edilýär, sebit ösüşiniň geljegine baha berilýär, BMG-niň Tertipnamasy esasynda we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, netijeli döwletara gatnaşyklary höweslendirmek boýunça anyk tekliplerdir başlangyçlar öz beýanyny tapýar.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti boldy

Merkezi saýlaw toparynyň 14-nji martda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi. Bu barada merkezi saýlaw toparynyň resmi internet saýtynda habar berildi. Bellenilişi ýaly, saýlawlar güni sagat 07:00-dan 19:00 çenli saýlaw hukukly raýatlar işjeňlik bilen ses bermäge gatnaşdylar. Ýurt boýunça hasaba alnan 3460080 saýlawçydan 3362052-si ses berip, 97,17% gatnaşyk boldy. Demokratik şertlerde geçirilen saýlawlarda dalaşgärleriň jemi 9-sy bäsleşdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermek tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 97,12% ses berdi. Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 97,68%, Balkan welaýatynda 97,29%, Daşoguz welaýatynda 96,80%, Lebap welaýatynda 97,13%, Mary welaýatynda 96,97%, Aşgabat şäherinde 97,51% ses berdiler.

Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 17-ä çenli saýlawçylaryň 93,19% ses berdi. Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 93,22%, Balkan welaýatynda 95,39%, Daşoguz welaýatynda 92,78%, Lebap welaýatynda 92,37%, Mary welaýatynda 93,57%, Aşgabat şäherinde 93,58% ses berdiler.