Multifokal aterosklerozly näsaglarda damarlary stentirlemegiň netijeliligi

11 Iýun 2022
1128

Ateroskleroz – ulgamlaýyn kesel bolup, köplenç, dürli ulgamlaryň damarlaryny birbada zeperleýär [1, 2, 4]. Halkara REACH registriň maglumatlaryna görä, 20% töweregi ýüregiň işemiýa keseli (ÝIK), beýniniň işemiýasy ýa-da aýaklaryň damarlarynyň aterosklerozy bolan näsaglarda başga ulgamlaryň hem damarlarynda aterotromboz alamatlary bolýar, bu näsaglaryň 2%-de bolsa damarlaryň ählisiniň zeperlenmesi anyklanýar. Şeýle-de, ýaşyň ýokarlanmagy bilen damarlaryň aterosklerotik zeperlenme howpy hem artýar. Multifokal aterosklerozly näsaglar çylşyrymly topar bolup, olar amatly bejergi usulyny saýlap almakda we keseliň netijesini çaklamakda kynçylyk döredýär [3, 5]. Häzirki wagtda multifokal aterosklerozly näsaglaryň amatly bejergi usulyny saýlamak jedelli mesele bolmagynda galýar. Böwrek we brahiosefal arteriýalaryň (BSA) utgaşykly geçýän aterosklerozy koronar şuntirleme döwründe perioperasion gaýra üzülmeleriň döreme howpuny artdyrýar.

Kliniki gözegçiligimizde köpsanly damarlaryň ateroskleroz bilen zeperlenmegi hem-de ýokary howp derejesi bolan näsaglarda endowaskulýar bejerginiň giň mümkinçilikleri görkezilýär.

Bahram KADYROW, Meýlis ANNAÝEW, Parahat GAÝYPJANOW, Maksat AŞYROW
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezi
Beýleki habarlar