Ilkinji açyk burçly glaukomada görüş nerwiniň diskiniň ekskawasiýasynyň we ganglioz öýjükleriň toplumynyň morfometriki görkezijileri

7 Aprel 2022
1123

Glaukoma keseli ýokary ýaýranlygy we körlüge hem maýyplyga getirýän agyr gaýra üzülmeleri boýunça uly lukmançylyk-sosial ähmiýete eýe bolup, oftalmologiýanyň iň derwaýys we möhüm meseleleriniň biridir. Soňky ýyllarda oftalmologiýada gazanylan üstünliklere garamazdan, glaukomanyň etiopatogeneziniň, irki anyklaýşynyň we bejergisiniň köp meseleleri doly öwrenilmedikdir.

Ilkinji açyk burçly glaukoma (IABG) köp faktorlara bagly bolan neýrodegeneratiw kesel hasaplanylyp, onuň esasy patofiziologiki häsiýetnamasy görüş nerwiniň dikeldip bolmaýan zeperlenmegi bilen baglydyr. Edebiýatlarda glaukomada köp ýagdaýlarda iň irki perimetriki üýtgemeleriň kesgitlenilmeginden öň görüş nerwiniň diskinde (GND) we torly perdäniň nerw süýümleriniň gatlaklarynda gurluş üýtgemeleriň döreýänligi barada maglumatlar berilýär [3]. Torly perdäniň irki zeperlenmeleriniň we perimetriýa barlagynda görüş meýdanlarynyň kemçilikleriniň ýüze çykmasynyň arasynda 5-7 ýyl geçýär [2].

Aýjemal ORAZALYÝEWA, Mekan SÄHETNIÝAZOW, Jahan DÖWLETOWA, Altyn REJEPOWA, Ýakup ÖWLÝAKULIÝEW
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag we Göz keselleri ylmy-kliniki merkezleri
Beýleki habarlar