"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdunda

«Adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr» diýýän mähriban Arkadagymyz milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkidýär. Muňa Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň, Magtymguly etrabynda 50 orunlyk hassahananyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň öň ýanyndaky günlerde häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu täze desgalaryň açylyş dabaralary halkymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Bu günki möhüm wakalar milli Liderimiziň halkymyzyň saglygy baradaky ägirt uly aladasynyň aýdyň subutnamasydyr, milletiň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.Munuň netijesinde, ilatymyz halkara ölçeglere laýyk ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen elýeterli üpjün edilýär. Türkmenbaşy şäherinde ulanylmaga berlen 100 orunlyk täze ýokanç keseller hassahanasy epidemiologik abadançylygyny üpjün etmek, dürli howply ýokanç keselleriň öňüni almak we netijeli bejermek boýunça Türkmenistanda geçirilýän işleriň nobatdaky mysalydyr.

Eziz Watanymyzyň abadançylygy ugrunda

Halkymyzyň saglygy hakyndaky alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de ägirt uly taslamalaryň ählisiniň özenini düzýär. Bu bolsa ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň sagdyn ýaşaýşy hakyndaky aladalaryň çäksizdigini äşgär edýär. Ýakynda BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebitleýin direktory Dorit Nitsanyň ýolbaşçylygynda wekilçilikli topar ýurdumyzda iş saparynda boldy. BSGG-niň toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda birnäçe duşuşyklar geçirildi. Ýurdumyzyň degişli ministrliklerinde we ugurdaş edaralarynda gurnalan iş duşuşyklarynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary esasynda işlenip taýýarlanylýan meýilnamalara laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamyna degişli birnäçe ugurlar boýunça tanyşdyryş çäreleri geçirildi. Duşuşyklarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, temmäkä garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak, howanyň adam saglygyna ýetirip biljek oňaýsyz täsirinden goramak, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler barada bellenildi hem-de «Bitewi saglygy goraýyş» konsepsiýasyny ul

Dowamly leýkozlarda trombositleriň morfofunksional häsiýetleriniň toplumlaýyn derňewi

Periferik ganyň trombositleri (TS) süňk ýiliginiň poliploid megakariositleriniň önümi bolup durýarlar. Olarda periferiki bölek – gialomer we däneleri saklaýan merkezi bölek – granulomer tapawutlandyrylýar. Adatça, gialomer bazofil (gök), granulomer – oksifil (gülgüne gyzyl) reňke eýe bolýarlar [6]. TS-iň funksional işjeňligini gönüden-göni olaryň granulomeri (däneleri) bilen baglanyşdyrýarlar hem-de granulomer näçe dykyz boldugyça, şonça-da onuň düzüminde däneleriň köplügi barada aýtsaň bolýar [2]. Ilkibaşda trombositleriň esasy wezipesi damar – trombositar gemostaza gatnaşmak hasap edilýärdi [1]. Soňky wagtlarda bolsa, olaryň dokuma reparasiýasyny (dikeldilmegini) inisirlemäge, ýerli gaýnaglama we immun hadysalary sazlamaga gatnaşýandygyna [11-13], şeýle-de, olaryň gan kesellerde, şol sanda hem hroniki leýkozlarda ýüze çykýan morfofunksional aýratynlyklaryna uly üns berlip başlandy [8]. Leýkozlar leýkositar ösüntginiň howply täze döremeleriniň bir topary bolmak bilen, olar süňk ýiligini, gan akymynda aýlanýan leýkositleri hem-de dalak we limfa düwünleri ýaly aýratyn organlary zeperleýär. Dowamly limfoleýkozyň (DLL) substraty ýetişen B-öýjük morfologiýaly we anomal uzak ýaşaýyş dowamlykly neoplastik limfositler bolup durýar. Keseliň möwjemeginde patologik gan emele

Diabetiki retinopatiýada gözüň torly gatlagynyň pigment epiteliýasynyň häsiýetnamasy

Diabetiki retinopatiýa (DRP) görüş agzasynyň agyr keseli hasaplanylýar, ol görşüň peselmeginiň we körlügiň esasy sebäpleriniň biri bolmak bilen, süýjüli diabetiň (SD) giçki mikrodamar gaýraüzülmelerine degişlidir. DRP-nyň patogeneziniň molekulýar derejede öwrenilmegi, şeýle hem irki anyklaýyş we bejeriş usullarynyň işlenip taýýarlanylmagy oftalmologiýanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. SD-de gözüň zeperlenmeginiň netijesinde hroniki giperglikemiýa, glýukozanyň metabolizminiň poliol ýoly bilen şuntirlenmegi, DRP-nyň kliniki ýüze çykmalaryndan öňki gematoretinal böwediň (GRB) funksiýasynyň bozulmagy bolýar. Mälim bolşy ýaly, GRB gan damarlardan retinanyň dokumasyna iri molekulalaryň aralaşmagyna ýol bermeýän gematooftalmiki böwediň bölegidir. Onuň düzüminde içki we daşky böwetleri tapawutlandyrýarlar. Içki böwet retinanyň damarlarynyň ykjam galtaşan endotelial öýjüklerinden emele gelýär, daşky bolsa damar bardasynyň horiokapillýarlary bilen fotoreseptorlaryň arasynda araçy bolmak bilen retinanyň pigment epiteliýasyndan (RPE) we Bruhyň membranasyndan (BM) emele gelýär.

Çagalarda ösýän miopiýanyň akymynyň kliniki-funksional aýratynlyklary

Bütin dünýäde miopiýanyň ýygylygynyň barha artmagy we onuň köpelýändigi, şu patologiýanyň häzirki wagtda görşüň giňden ýaýran bozulmalarynyň arasynda öňdäki orunlara çykýandygyny bellemeli [3, 6]. Köplenç, miopiýanyň gaýraüzülen görnüşine geçmegi, çagalarda we ýaş adamlarda maýyplygyň sebäbi bolýandygy barada edebi çeşmelerde görkezilýär [1, 4, 7]. Işiň maksady – çagalarda ösýän miopiýanyň akymynyň kliniki-funksional aýratynlyklaryny öwrenmekden ybaratdyr.

Sarygülüň otunyň ruhy dartgynlykda rahatlandyryjy täsirini öwrenmek

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyna uly üns berilýär we netijeli işler alnyp barylýar. «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi onuň aýdyň mysalydyr. Bütin dünýäde häzirlki wagtda psihiki keselleriň we olaryň döremegine getirýän sebäpleriň, howp faktorlaryň garşysyna göreşmek we ol keselleriň öňüni almak lukmançylykda wajyp soraglaryň biri bolmagynda galýar [3]. Ylmy maglumatlara görä, psihiki bozulmalar ýyl-ýyldan artýar, olardan sussupeslik (depressiýa), howsalaly geçýän bozulmalar has köpelýär. Öz wagtynda anyklanylmadyk psihiki bozulmalar ýürek gan-damar, howply täze döreme, süýjüli diabet ýaly dowamly ýokanç däl keselleriň döremegine sebäp bolýar. Köpsanly dowamly geçýän kesellerde sussupeslik, köplenç, esasy keseller bilen utgaşyp gelýär. Adamyň beden we ruhy saglygy onuň ýaşaýşynyň hilini kesgitleýär. Depressiýa we howsala – lukmançylygyň düýpli meseleleri bolup, olary ýüze çykarmak we garşysyna göreşmek döwrüň (ХХI asyryň) wajyp meselesi bolmagynda galýar. Ylmy maglumatlara görä, psihiki bozulmalarda ýüze çykýan depressiýalaryň ortaça üçden bir bölegi sintetiki dermanlar bilen bejergä oňyn jogap bermeýär [5, 6]

Aşgazanyň epitelial däl täze döremeleriniň anyklanylyşynyň we bejergisiniň netijeleri

Aşgazanyň epitelial däl täze döremeleri (AEDTD) – aşgazanyň seýrek duşýan howply çiş keseli bolup, aşgazanyň täze döremeleriniň 3-4%-ni, iýmit siňdiriş ulgamynyň çişleriniň 1%-ni tutýar [1]. Bu kesel epitelial çişlerinden has az duş gelip, bedeniň ähli agzalarynda duşup bilýär. Gyzylödek we aşgazan mezenhimal däl çişleriniň iň köp duş gelýän görnişi gastro-intestinal stromal tumor(GIST) we leýomiýomadyr [2, 3]. Epitelial däl howply täze döremeler aşgazanda (60-70%), inçe içegede (25-35%), ýogyn we göni içegede (5%) duş gelýär. Çişler, esasanam, aşgazanyň nemasty, myşsa, seroz gatlagyndan, nerw, gan-limfa damarlaryndan emele gelýär. Bu keselleriň irki döwürleri köp ýagdaýlarda alamatsyz geçýär. Keseliň kliniki ýüze çykmasy çişiň ýerleşýän ýerine we ölçegine bagly bolýar. Çişiň ölçegleri uly bolup, aşgazanyň boşlugyna ösende, gan akmak ýaly kliniki alamatlar peýda bolýar. Çiş uly ölçegde bolup, aşgazanyň distal bölüminde emele gelse, çiş aşgazanyň distal bölümini ýapyp, iýmitiň geçmezligi ýaly alamatlar ýüze çykýar. Bu çişler, köplenç, aşgazanyň uly egriminde, öňki ýa-da yzky diwarlarynda we antral bölüminde duş gelýär. AEDTD-y 1983-nji ýylda M.T.Mazur we H.B.Klark tarapyndan keselleriň klassifikasiýasyna girizilýär [5, 6]. Häzirki wa

Injik süňkleriň açyk döwükleriniň toplumlaýyn bejergisi

Injik süňkleriniň açyk döwükleri uzak möhletli bejergini talap edýändigi we olaryň 2%-i näsaglary maýyplyga getirýänligi üçin trawmatologiýanyň we ortopediýanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar [3, 5, 9, 10]. Bu patologiýa, esasan, diafiziň orta we orta aşaky böleklerinde, ýol-ulag hadysalaryň netijesinde gabat gelip, köplenç, açyk döwüklerde emele gelen ýara toprak we beýleki del jisimler bilen hapalanýar. Ýumşak dokumalar süňkden aýrylyp, süňkleriň gan üpjünçiligi bozulanda alawlama süňk kanalyna ýaýrap, osteomiýelit we soňlugy bilen nekrozlaşan sekwestrleri emele getirip, süňküň uly ýetmezçilikleriniň (defektleriň) döremegine sebäp bolýar. Şikesleriň 30%-i injik süňkleriň döwüklerine degişlidir. Olaryň 2%-i uly meýdanly açyk döwükler bolup, iriňli gaýraüzülmelere getirýärler. Injik süňkleriniň gaýraüzülen döwükleri näsaglaryň maýyplygyna getirýän sebäpleriň biridir [2, 6, 7]. Iriňlän açyk döwükleriň bejergi möhleti uzaga çekýär we ol, köplenç, süňk regenerasiýasyna ýaramaz täsir edip, süňkleriň haýal bitmekligine ýa-da ýalan bognuň döremegine sebäp bolýar [1, 2, 4, 8, 10].

Damarlaryň ateroskleroz zeperlenmelerinde sitokinleriň orny

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygyny döwlet syýasatynyň esasy sütünleriniň birine öwren hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talabyna laýyk ösdürilýär, ýokary lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar, anyklaýyş merkezleri halkymyza hyzmat edýär, çünki saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak täze tehnologiýalary amaly lukmançylyga ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydyr [1]. Häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň keselçiliginiň we ölümçiligniň esasy sebäbi ýürek-damar keselleri (ÝDK) bolmagynda galýar. ÝDK-nyň düzüminde uly ýaşly ilatyň ölümçiliginiň baş sebäbi bolan ýüregiň işemiýa keseli (ÝIK) aýratyn orun tutýar [2]. Şeýle bolsa-da, keseliň patogeneziniň esasynda ýatýan ateroskleroz (AS) hadysasynyň döremeginiň sebäpleri häzirki wagta çenli doly anyklanylman galýar. Hususan-da, keseliň döremeginde holesteriniň (HS) orny doly tassyklanylmadyk, sebäbi AS hadysasy HS kadaly ýa-da ondan hem pes derejede saklanýan näsaglarda hem ýüze çykýar [3]. Arterial gipertoniýa, süýjüli diabet, çilimkeşlik, semizlik, gipodinamiýa we nesil yzarlaýjylyk ýaly töwekgelçilik şertleri bilen AS-yň döremeginiň diňe 50% halatlaryny baglanyşdyrmak bolýar

Kraniospinal we talamus döremelerinde hirurgiki bejergi

Kelleçanagyň içinden boýunoňurga geçýän we kelle beýnisiniň talamus bölüminiň döremeleri amaly lukmançylykda seýrek duş gelýändigi we hirurgiki bejergisiniň örän çylşyrymlydygy bilen tapawutlanýar [4]. Hirurgiki bejergide patologiki ojaga barlyşyň ýetirýän şikesini azaltmaklyk üçin, mikroneýrohirurgiýada kelle beýnisiniň we oňurga ýiliginiň gurluşyndaky tebigy yşlary, gasynlary, likwor giňişlikleri giňden ulanylýar [2]. Mikroneýrohirurgiýanyň girizilmegi we ösdürilmegi geçen döwürde zerurlyk hasap edilen kelleçanagyň giňişleýin trepanasiýasy, beýniniň gaty gabygynyň aýratyn uly kesilip açylmagy, beýni ülüşleriniň dowamly traksiýasy (süýşürilip, gysylyp saklanylmagy) we beýleki usullary ulanmakdan saklanmaga ýardam etdi. Neýrohirurgiýada operatiw mümkinçilikleriň giňeldilmegi öň elýeterli bolmadyk kraniospinal ulgamyň anatomiki bölümlerinde ýokary derejeli çylşyrymlylykdaky hirurgiki bejergileri üstünlikli geçirmeklige şert döretdi [1, 6]. Döwrebap neýromonitoring üpjünçiligi hirurgiki bejergi geçirilýän döwründe, esasan hem, kelle beýnisiniň sütün bölüminde «fiziologiki mümkinçilik» düşünjesi «howply ýagdaýy» görkezijiler bilen bir hatarda bolup, diňe bir hil däl-de, mukdar bahany hem kesgitleýär [3, 5]. Biz öz tejribämizde seýrek duş gelýän kli

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Ýakynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammiti geçirildi. Duşuşykda bu düzümde Türkmenistanyň başlyklyk eden ýylynda bitirilen işlere seredilip, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, geljek üçin wezipeleri kesgitlemek babatda ýakyndan pikir alşylyp, möhüm resminamalar kabul edildi. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, oňa girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär we bu guramanyň ýokary derejeli duşuşyklaryna işjeň gatnaşyp, möhüm başlangyçlary, teklipleri öňe sürýär. Bu başlangyçlar, teklipler halkara derejesinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şonuň netijesinde bolsa, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Berkararlygyň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň her bir ýyly taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen girýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesini baýram edýär. Garaşsyzlygymyz barada Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: «Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr». Bu günki gün mähriban halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Uly hyjuw bilen zähmet çekip, ýurdumyzyň ösmegine öz mynasyp goşandyny goşýar. Eziz Watanymyz ösüşleriň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, agzybirligiň, özboluşly gözelligiň mekanydyr.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany

Eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy giňden bellenip geçilýär. Paýtagtymyzda bu baýramçylyk mynasybetli «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahat lukmançylyk diplomatiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, giňeltmek hem-de özara tejribe alyşmak babatda uly ähmiýete eýe bolar.

Immun modulirleýjileriň türgenleriň ganyndaky leýkositleriň funksional işjeňligine ýetirýän täsiriniň deňeşdirme seljermesi

Halkyň saglygyny berkitmek, çydamly, fiziki we ruhy taýdan taplanan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek türkmen lukmançylyk ylmynyň we milli sportuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sportuň ösdürilmegi türkmen döwletiniň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini hormatly Prezidentimiz belläp geçýär. Häzirki wagtda sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär we sportuň berk binýatly ösen ulgamy döredildi [1]. Ýokary derejeli döwrebap sporty aňrybaş agyr, kähalatlarda bolsa aňryçäk psiho-emosional we fiziki ýüklenmeleri ýeňip geçme zerurlyklaryny türgenleriň öňünde goýýar. Ylmy edebiýatlara seljerme berlende, sportuň görnüşine garamazdan, ýokary netijeli türgenleriň immun ulgamynyň funksional işjeňliginiň peselendigine, azda - kände ýüze çykýan immun ýetmezçiligine getirýändigine şaýatlyk edýär [3, 5-7].

Molekulýar-genetiki usul bilen gyrgyn keseliniň döredijisini sekwenirlemek

Gyrgyn – bu tebigy ojakly, aýratyn howply bakterial ýokançly zoonoz keseldir. Gyrgyn keseliniň (Yersinia Pestis) tebigy ojaklary Afrika, Amerika, Aziýa we Ýewropa sebitlerinde bellige alnandyr. Ýewraziýa sebitiniň çäklerinde, Sibirde, Kawkazda, Hazar deňziniň sebitlerinde, Merkezi Aziýada gyrgyn keseliniň awtonom ojaklarynyň 42 sanysy hasaba alnan. Türkmenistanda 5 sany gyrgynyň awtonom tebigy ojagy hasaba alnandyr: Garagum, Köpetdag, Gyzylgum, Üstýurt, Mangyşlak. Şolardan Garagum awtonom tebigy ojagynda häzirki wagt güýçli antropurgiki üýtgeşmeler amala aşyrylýar. Onuň netijesinde, gemrijileriň arealy kiçelýär, adamlar bilen gemrijileriň arasynda ýakyn galtaşyklar ýygy-ýygydan bolup geçýär. Gyrgyn keselini tebigy şertlerde göteriji hökmünde 235-den hem köpräk ownuk gemrijileriň, geçiriji hökmünde bolsa büreleriň 120 görnüşi şu güne çenli bellige alnan. Epizootologiki asuda döwürde enzootiki meýdanlarda keseliň öňüni alyş çäreleriniň ähmiýeti has ulalýar [1, 2, 7]. Sekwenirleme (latynça «sequentum» – yzygiderlilik) DNK-nyň molekulalaryndaky beloklaryň (polipeptidleriň) ýa-da nukleotidleriň yzygiderligini anyklamaga ýardam berýän usullaryň umumy adydyr. Olaryň hemmesi şeýle gurnalan: başda DNK-nyň köp sanly uly bolmadyk bölejik ýerleri taýýarlanylýar (DNK-nyň molekulas

Talyplaryň arasynda metaboliki sindromyň duş geliş ýygylygy

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda öz wagtynda anyklaýyş, netijeli öňüni alyş we bejeriş çäreleriniň hasabyna ýürek gan-damar keselleri bilen bagly keselçiligi, maýyplygy azaltmaga aýratyn orun berilýär [1]. Arterial gipertenziýanyň, abdominal semizligiň, dislipidemiýanyň we çetki dokumalaryň insuline rezistentligi netijesinde ýüze çykýan uglewod çalşygynyň bozulmagynyň utgaşmagyny metaboliki sindrom özünde jemleýär. Bu meseleler kliniki tejribede ýyl-ýyldan has uly wajyplyga eýe bolýar, bu bolsa birbada birnäçe sebäpler bilen düşündirilýär [2, 3]. Bir tarapdan, dürli awtorlaryň maglumatlaryna görä, häzirki döwürde metaboliki sindromyň ýygylygy ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň ilatynyň arasynda 20-35%-e ýetýär [4, 6, 7]. Beýleki tarapdan, bu sindrom ateroskleroz bilen baglanyşykly ýürek-damar keselleriniň we olardan bolýan ölümçiligiň we maýyplygyň has ýokary görkezijileri bilen häsiýetlendirilýän gaýraüzülmeleriniň howp faktorlarynyň utgaşmalaryny özünde jemleýär [11, 12, 14]. Soňky onýyllyklaryň dowamynda talyp ýaşlaryň arasynda hem semizligiň depgini has ýokarlandy [8-13]. Häzirki wagtda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hünärmenleri semizlik keselini biziň döwrümiziň täze dowamly «epidemiýasy»diýip ykrar etdiler. Meta

Pes agramda doglan bäbekleriň ýürek-damar ulgamynyň gipoksiki bozulmalarynyň bejergisini kämilleşdirmek

Pes agramda doglan bäbeklerde düwünçegiň dowamly gipoksiýasyndan soňky döreýän ýürek-damar ulgamynyň funksional bozulmalarynyň meseleleri häzirki zaman amaly neonatologiýanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Bu ýagdaý bäbekleriň bu toparynda ýüregiň funksional bozulmalarynyň ýygylygynyň ýokarlanmaga ymtylýandygy, olaryň irki neonatal uýgunlaşma hadysalarynyň, perinatal keselleriň geçişine oňaýsyz täsirini ýetirýändigi bilen şertlenendir. Dowamly gipoksiýa geçiren bäbekleriň 40-70%-de ýürek-damar ulgamynyň funksional bozulmalary anyklanýar [4]. Düwünçegiň gipoksiýasy kardiomiositleriň mitohondriýalarynda makroergiki birleşmeleriň emele gelmesiniň peselmeginiň hasabyna olarda energetiki çalşygyň bozulmasyna getirýär [3]. Dowamly gipoksiýa, metaboliki asidoz tranzitor işemiýanyň döremegine itergi berýär, olar bolsa bäbek dünýä inenden soň, miokardyň işjeňligini bozýan esasy sebäpleriň biri hasaplanýar [1]. Maglumatlar pes agramda doglan bäbeklerde ýürek-damar ulgamynyň gipoksiki bozulmalarynyň sebäplerini öwrenmegiň, irki döwürlerinde anyklamagyň, netijeli bejeriş usullaryny işläp düzmegiň meselelerini häzirki zaman amaly neonatologiýanyň wajyp soraglarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär. Işiň maks

Toksikodermiýanyň toplumlaýyn bejergisinde gidrokolonoterapiýanyň ähmiýeti

Häzirki wagtda toksikodermiýa adamlaryň populýasiýasynyň, takmynan, 6%-de duş gelip, deri keselleriniň umumy gurluşynda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär [2, 5]. Içege endotoksemiýanyň güýçli çeşmesi bolup, toksikodermiýanyň soňraky ösmeginde we progressirlemeginde awtosensibilizasiýanyň emele gelmeginiň kesgitleýji faktorydyr [3, 4, 6, 7]. Bedeni dezintoksikasiýa etmegiň täsirli usullaryndan biri hem gidrokolonoterapiýadyr. Bu usul dürli keselleriň bejergisinde giňden ulanylýar, ýöne toksikodermiýanyň bejergisinde bu usulyň ulanylyşy barada maglumat azsanlydyr.

Çagalaryň ýaşyna baglylykda atopiki keselleriň kliniki-etiologiki aýratynlyklary

Hemme dowamly kesellerde bolşy ýaly, çaganyň ýaşynyň ulalmagy bilen atopiki keseliň (AK) kliniki alamatlary we agyrlyk derejesi üýtgeýär. Şeýle hem ýaşyň ulalmagy bilen AK-ny emele getirýän allergenleriň we beýleki faktorlaryň spektri üýtgeýär [1, 3]. Allergiýaly çagalaryň arasynda AK-nyň emele gelmeginde atopiki (IgE-garaşly) mehanizmi bolan näsaglaryň sany artýar we olarda keseliň geçişi öz aýratynlygy bilen tapawutlanýar [2, 4]. AK-nyň ähli allergiki keselleriň 60-70%-ni düzüp, nesil yzarlamalaryna, sebitiň howasyna we geografiki aýratynlyklaryna, iýmitlenişiň häsiýetine, ýaşaýan ýerine baglylykda emele gelýändigini köp awtorlar belläp geçýär [5, 6]. Işiň maksady – çagalaryň ýaşyna görä atopiki keselleriň kliniki-etiologiki aýratynlyklaryny öwrenmek.

Buýan köküniň gury ekstraktynyň esasynda täze derman serişdesini işläp taýýarlamak

Häzirki wagtda derman ösümliklerinden alynýan derman serişdeleri has köp ulanylýar. Şeýle derman serişdeleriniň bejeriji täsiri köptaraplylygy we ýaramaz täsiriniň pesligi bilen tapawutlanýar. Köp sanly kliniki barlaglaryň netijelerine görä, süýji buýandan alynýan derman serişdeleri ýokary netijeliligi ýüze çykarýar hem-de onuň çig malyndan biologiki işjeň maddalara örän baý bolan goýy we gury ekstraktlar alynýar. Süýji buýandan alynýan derman serişdeleri, ösümlik çig mallaryndan alynýan derman serişdeleriniň arasynda esasy orunlaryň birini tutýar, dürli täsirleri ýüze çykarýar we diňe bir biziň ýurdumyzda bolman, eýsem, daşary ýurtlarda hem dürli nozologiýalarda, ýagny dem alyş ýollarynyň, aşgazan-içege ýollarynyň, ýürek-damar ulgamynyň, peşew-jyns ýollarynyň kesellerinde, wiruslara garşy serişde hökmünde AIDS kesellerinde giňden ulanylýar [1, 4, 5, 7, 8].