Pes agramda doglan bäbeklerde düwünçegiň dowamly gipoksiýasyndan soňky döreýän ýürek-damar ulgamynyň funksional bozulmalarynyň meseleleri häzirki zaman amaly neonatologiýanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Bu ýagdaý bäbekleriň bu toparynda ýüregiň funksional bozulmalarynyň ýygylygynyň ýokarlanmaga ymtylýandygy, olaryň irki neonatal uýgunlaşma hadysalarynyň, perinatal keselleriň geçişine oňaýsyz täsirini ýetirýändigi bilen şertlenendir. Dowamly gipoksiýa geçiren bäbekleriň 40-70%-de ýürek-damar ulgamynyň funksional bozulmalary anyklanýar [4]. Düwünçegiň gipoksiýasy kardiomiositleriň mitohondriýalarynda makroergiki birleşmeleriň emele gelmesiniň peselmeginiň hasabyna olarda energetiki çalşygyň bozulmasyna getirýär [3]. Dowamly gipoksiýa, metaboliki asidoz tranzitor işemiýanyň döremegine itergi berýär, olar bolsa bäbek dünýä inenden soň, miokardyň işjeňligini bozýan esasy sebäpleriň biri hasaplanýar [1]. Maglumatlar pes agramda doglan bäbeklerde ýürek-damar ulgamynyň gipoksiki bozulmalarynyň sebäplerini öwrenmegiň, irki döwürlerinde anyklamagyň, netijeli bejeriş usullaryny işläp düzmegiň meselelerini häzirki zaman amaly neonatologiýanyň wajyp soraglarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär.
Işiň maksady – pes agramda doglan bäbekleriň ýürek-damar ulgamynyň gipoksiki bozulmalarynyň netijeli bejeriş usullaryny işläp düzmek.