Häzirki wagtda derman ösümliklerinden alynýan derman serişdeleri has köp ulanylýar. Şeýle derman serişdeleriniň bejeriji täsiri köptaraplylygy we ýaramaz täsiriniň pesligi bilen tapawutlanýar.
Köp sanly kliniki barlaglaryň netijelerine görä, süýji buýandan alynýan derman serişdeleri ýokary netijeliligi ýüze çykarýar hem-de onuň çig malyndan biologiki işjeň maddalara örän baý bolan goýy we gury ekstraktlar alynýar. Süýji buýandan alynýan derman serişdeleri, ösümlik çig mallaryndan alynýan derman serişdeleriniň arasynda esasy orunlaryň birini tutýar, dürli täsirleri ýüze çykarýar we diňe bir biziň ýurdumyzda bolman, eýsem, daşary ýurtlarda hem dürli nozologiýalarda, ýagny dem alyş ýollarynyň, aşgazan-içege ýollarynyň, ýürek-damar ulgamynyň, peşew-jyns ýollarynyň kesellerinde, wiruslara garşy serişde hökmünde AIDS kesellerinde giňden ulanylýar [1, 4, 5, 7, 8].