Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdunda

9 Dekabr 2021
1189

«Adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr» diýýän mähriban Arkadagymyz milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkidýär. Muňa Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň, Magtymguly etrabynda 50 orunlyk hassahananyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň öň ýanyndaky günlerde häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu täze desgalaryň açylyş dabaralary halkymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Bu günki möhüm wakalar milli Liderimiziň halkymyzyň saglygy baradaky ägirt uly aladasynyň aýdyň subutnamasydyr, milletiň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.Munuň netijesinde, ilatymyz halkara ölçeglere laýyk ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen elýeterli üpjün edilýär.

Türkmenbaşy şäherinde ulanylmaga berlen 100 orunlyk täze ýokanç keseller hassahanasy epidemiologik abadançylygyny üpjün etmek, dürli howply ýokanç keselleriň öňüni almak we netijeli bejermek boýunça Türkmenistanda geçirilýän işleriň nobatdaky mysalydyr.

Beýleki habarlar