"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Diş-äň anomaliýaly ýetginjekleriň garyşyk sülekeýinde käbir biohimiki barlagyň görkezijileri

BSGG-niň bilermenleriniň we köp sanly barlaglarynyň netijesinde, 50-75% çagalarda parodontyň alawlamasynyň käbir alamatlary duş gelýär [1, 2]. Diş-äň anomaliýaly (DÄA) çagalarda dowamly kataral gingiwitiň (DKG) ýygylygy 95-96%, şol bir wagtda parodontyň alawlamasy we onuň ýokary ýaýramaklygy diş galtaşmasynyň morfofunksional ösüşiniň ähli döwründe, has hem mydamalyk döwründe ýüze çykarylýar. Dowamly okklýuziýa şikesi gemodinamikanyň we mikrosirkullýasiýanyň bozulmagy esasynda DÄA-nyň döremegi, parodontyň dokumalarynyň gipoksiýasy we morfofunksional bozulmalary bu näsaglarda DKG-niň döremeginiň we ýaýramagynyň esasy patologiki sebäpleri bolup durýarlar.

Böwrekleriň koral görnüşli daşlarynyň bejerilişinde deriüsti punksion nefrolitotripsiýanyň orny

Peşew daş keseli (PDK) bedende madda çalşygynyň bozulmagyna getirýän sebäpler netijesinde döreýän we ýyl geçdigiçe has köp duş gelýän umumy keseldir. PDK-nyň agyr görnüşleriniň biri-de böwrekleriň koral görnüşli daşlarydyr. Bu kesel, köplenç ýagdaýda dowamly piýelonefrit we dowamly böwrek ýetmezçiligi ýaly gaýra üzülmelere getirýär [4, 6]. Şonuň üçin bu mesele häzire çenli urologiýanyň wajyp meseleleriň biri bolmaklygyna galýar. Türkmenistan PDK üçin endemik ojak bolup, meseläniň wajyplygyny has-da artdyrýar. Köp halatlarda koral görnüşli daşly böwregiň funksiýasy bozulmadyk ýagdaýynda konserwatiw bejergi geçirilýär. Käbir awtorlar operatiw bejergi usullary diňe bu keseliň näsagyň janyna howp salýan ýagdaýlarynda geçirilmelidigini belleýärler [1]. Beýleki awtorlaryň pikirine görä, operatiw bejergi usullary meýilleşdirilen halatda geçirilende, näsagyň saglygy dikeldilip, ýaşy uzaldylýar we ýaşaýşynyň hili gowulanýar [2]. Şonuň üçin PDK-ly näsaglara dogry bejergi usulyny saýlamak bejerginiň örän jogapkärli pursatydyr. Nefrolitiazyň bejerilişinde täze, ýokary tehnologiýaly distansion tolkun urguly litotripsiýa (DTUL), kontaktly ureterolitotripsiýa, deriüsti punksion nefrolitotripsiýa (DPNL) usullarynyň ulanylyp başlanmagy netijesinde, bu keseliň bejerilişinde

Gipertrenziw bozulmaly zenanlarda düwünçegiň endikli ýitirilme sindromynda böwreklerde gan aýlanyşygynyň aýratynlyklary

Perinatal keselçiligiň we ölümçiligiň öňüni almagyň soraglary döwrebap akuşerçiligiň esasy meseleleriň biri bolup durýar (Батрак Н.В., Малышкина А.И., Крошкина Н.В., 2015). Göwrelilikde gipertenziw bozulmalar (GB) göwreli zenanlaryň, takmynan, 10%-de duş gelýär [4, 6]. Bütindünýä saglygy goraýyş gurmasynyň (BSGG) maglumatlaryna gorä, her ýylda dünýäde 50 müňden gowrak zenan göwrelilik döwründe arterial gipertenziýa bilen bagly kynçylyklaryň ýüze çykmagyndan ýogalýarlar, ene ölümçiliginiň düzüminde GB 20-30%-i tutýar [1]. Göwrelilik döwründe zenanyň bedeninde düwünçegi goramaklyga we onuň ösmegine gönükdirilen wagtlaýyn üýtgemeler ýüze çykýar. Fiziologiki göwrelilik ulgamlaýyn wazodilatasiýa bilen häsiýetlenýär, bu ýagdaýda böwrek gan aýlanyşynyň we ýumajyklaryň filtrasiýa tizliginiň ýokarlanmagy 35-50%-de duş gelýär. Bu görkezijileriň iň ýokary derejeleri eýýäm göwreliligiň I üçaýlygynda anyklanýar [2]. Böwrekler bedeniň mikrosirkulýator ulgamyny esaslandyryp, metabolizmi we gumoral sazlaşygy emele getirýän wajyp agza bolup durýarlar. Göwrelilik döwründe zenanyň böwrekleriniň düwünçegiň metabolizminiň önümlerini hem bölüp çykarmagy sebäpli, ýokary agramlykda işleýärler [3]. Aýlanýan ganyň göwrüminiň we gan aýl

Çagalarda doga oňurga beýnisiniň ingileriniň hirurgiki bejergisiniň netijeliligi

Oňurga beýniniň ingisi çagalarda duş gelýän agyr, bejergisi kyn we çylşyrymly bolan doga kemislikleriniň biri bolup, ol merkezi nerw ulgamynyň doga kemislikleriniň 65%-ni tutýar. Bu doga kemislik 50-80% ýagdaýda gidrosefaliýa bilen bilelikde utgaşyp gelýär, likwor geçiriji ýollary açylmadyk ýagdaýda gidrosefaliýanyň derejesi has artyp, çaganyň nerw-psihiki, fiziki ösüşini peseldýär we maýyplyga eltýär [1, 2]. Dogabitdi oňurga beýniniň ingisiniň (DOBI) ýeke-täk bejergisi operatiw usul bolup durýar. Operatiw bejergi çagalaryň ýaşyna, inginiň ýerleşişine, oňurga sütüniniň kemisliginiň ölçegine hem-de gidrosefaliýanyň derejesine baglylykda amala aşyrylýar. Çaganyň ilkinji günlerinde operatiw bejergi geçirilmese, inginiň derisiniň infisirlenmesi, inginiň ulalmagy, ýarylmagy, newrologiki bozulmalaryň we gidrosefaliýanyň derejesiniň artmagy ýaly gaýra üzülmeler ýüze çykýar [3, 4].

Çagalaryň termiki şikeslerinde gemostaz ulgamynyň ýagdaýy

Termiki ýanyk şikesi çagalarda tötänleýin şikesleriň arasynda üçünji orunda durýar. Deriniň umumy meýdanynyň 10%-den köp böleginiň ýanmagy çagalarda umumy we ýerli bozulmalary bilen häsiýetlendirilýär. Çaganyň ýaşy, ýanyk şikesiniň agyrlyk derejesi, näsaga geçirilen bejerginiň dogrulygy we onuň öz wagtynda geçirilmegi dürli beden agzalary tarapyndan patologik reaksiýalaryň ýüze çykyş derejesini we keseliň ahyrky netijesini kesgitleýän faktorlar bolup durýarlar [2]. Ýanyk şikesli näsaglarda koagulopatiýa prokoagulýant we antifibrinolitik üýtgeşmeler bilen häsiýetlendirilýär hem-de tebigy antikoagulýant ulgamynyň işjeňliginiň bozulmasy anyklanylýar [5]. Agyr ýanyk şikesli näsaglaryň gemostaz ulgamynyň funksional ýagdaýyna baha bermek üçin näsagyň ýanyk şogundan çykandan soňky irki döwürde giperkoagulýasiýanyň derejesini hasaba almak zerurdyr: fibrinogeniň ýokarlanan derejesi, tebigy antikoagulýant – antitrombin III peselme derejesi.

Böwrekleriň howply täze döremelerini tapawutlandyrmakda ýüze çykýan kynçylyklar

Buýan köküniň gaýnatmalarynyň fitonsid häsiýetlerini ýüze çykarmak

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri ýurdumyzyň ylmy işgärlerinde uly gyzyklanma döredip, täze ylmy gözleglere, ylmy derňewlere itergi berýär [1]. Mälim bolşy ýaly, lukmançylykda dermanlyk serişdelerini elýeterli etmeklik esasy meseleleriň biridir [2]. Bu talaplar bolsa, ilki bilen, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan derman serişdelerine degişli bolup durýar. Mundan ugur alyp, buýan ösümliginiň kökünden alnan gaýnatmalar babatda maglumatlar anyklandy.

Kawasaki keseliniň döwrebap anyklanyşy we bejergisi

Kawasaki keseli (KK) – bu ulgamlaýyn, köplenç, kiçi we orta göwrümli arteriýalaryň zeperlenmegi bilen häsiýetlenýän, nekrotizirleýji waskulitdir. KK-da 20% ýagdaýlarda koronar damarlar zeperlenýär [1, 2, 4]. 1967-nji ýylda ilkinji gezek bu kesel ýaponiýaly lukman Tomisaki Kawasaki tarapyndan beýan edilipdir.

Çilim

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Magtymguly PYRAGY

Nowruz geldi ilime

Agzybir halkymyz gözelligiň, täzelenişiň, tebigata egsilmez söýginiň beýany bolan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen toýlaýar. Biri-birine ulaşýan çuň mazmunly baýramçylyk dabaralary il-ulsumyzyň ene topraga bolan hiç haçan öçmejek buýsanç, mähriban Watanymyza bolan synmaz söýgi duýgularyny şöhlelendirmek bilen, bagtyýar durmuşymyza gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan Nowruz baýramy gadymy baýramlaryň biridir. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý many-mazmuna eýe boldy. Bu baýram tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýar. Özi bilen gözelligi, şatlygy alyp gelýär, bolçulyk, bereket eçilýär. Eziz Diýarymyzda toýlanýan baýramçylyklaryň biri-de Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz günüdir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Nowruz baýramy halkara hukuk derejesine eýe boldy. Nowruz baýramy 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21 — 22-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul edildi. Şeýlelikde, Nowruz baýramy dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy berkidýän, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalan

Halk bähbitli işler

Ýurdumyzda durmuş-ykdysady taýdan, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyndaky uly ösüşleriň gazanylmagynda we halkara derejedäki abraýynyň belende göterilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmelere möhüm orun degişlidir. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda yaşamagy ýurdumyzda döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Bu günki gün eziz Watanymyzyň islendik künjegine seredeniňde hem durmuşa geçirilýän beýik işleriň guwandyryjy netijelerini görmek bolyar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde şeyle ýokary netijeli işleriň ençemesi alnyp barylýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda lukmançylyk desgalarynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Ýurdumyzyň kämil we ýokary derejeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni baş şygar edinýän durmuş ugurly syýasatymyzyň aýdyň beýanydyr. Nobatdaky döwrebap lukmançylyk desgalarynyň gurluşygyna badalga berilmegi hem munuň ýene-de bir subutnamasydyr.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda lukmançylyk diplomatiýasynyň orny

Häzirki wagtda halkara syýasatynyň guraly hökmünde we döwletiň oňyn keşbini emele getirmekde lukmançylyk diplomatiýasy dünýäniň syýasy arenasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyna barha artýan halkara gyzyklanmany göz öňünde tutup, lukmançylyk diplomatiýasy saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda COVID-19 pandemiýasyna we onuň netijelerine garşy göreşmek ýaly meselelerde tejribe alyşmak üçin ýene bir mümkinçilikdir [1]. Global lukmançylyk diplomatiýasy (Global Health Diplomacy) düşünjesi geçen asyryň 70-nji ýyllarynda diplomatlaryň leksikonynda ulanylyp başlandy. Häzirki wagtda bu düşünje giňden meşhurlyga eýe boldy. Onuň maksady halkara syýasatynyň guraly hökmünde lukmançylyk mümkinçiliklerinden peýdalanyp, milli saglygy goraýyş ulgamyna halkara guramalarynyň tagallalaryny utgaşdyrmakdyr [2].

Birinji ýylyň talyplarynyň ýürek gan-damar ulgamynyň uýgunlaşma mümkinçilikleri

Iýmitlenme adam ömrüniň hiliniň esasy görkezijileriniň birine degişlidir. Iýmitlenme düzgünleriniň bozulmagy bolsa, adamyň saglyk ýagdaýyna, esasan, agram salynmalaryň köpelýän döwürlerinde ýokary derejede täsir edýär [7, 9, 10]. Talyplar ilatyň aýratyn gatlagy bolup, ýokary töwekgelçilikli toparyna degişlidir, sebäbi olarda bedeniniň gutarnykly kämilleşmegi ýokary depginli okuw döwrüne gabat gelýär [4]. Bilim bilen baglanyşykly maglumatlaryň agdyklygy we emosional stressler okuwçylaryň saglyk ýagdaýyna belli bir derejede täsir edýär. Gün tertibiniň, iýmitlenme we dynç alyş düzgünleriniň özgermegi, mekdep stereotipiniň bozulmagy, öz wagtyny özbaşdak bölüp bilmezlik, ulular tarapyndan hemişelik we yzygiderli gözegçiligiň bolmazlygy talyplarda psihiki-emosional oňaýsyzlygy döredýär [1, 5, 8, 9]. Ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň saglyk ýagdaýy, iýmitlenmegi we iýmitlenme endikleri öwrenilen birnäçe ylmy barlaglarda psihiki stressiň iýmitlenme babatda özüni alyp barşynyň bozulmalary bilen baglydygy we onuň ýaş bedeniniň uýgunlaşma mümkinçiliklerine ýaramaz täsir edýändigi ýüze çykaryldy [6, 11].

Dowamly piýelonefritli we göwreliligiň endikli düşmeleri bolan zenanlarda fitoterapiýa bilen utgaşdyrylan bejerginiň netijeliligi

Böwrek we peşew çykaryş ýollarynyň patologiýasy ýürek-damar kesellerinden soň ikinji ýeri eýeläp, 30-35% ýagdaýlarda göwrelilerde duş gelýär. Zenanlarda, köplenç, pielonefrit göwrelilikden öň bolup, göwrelilik wagtynda onuň ýitileşme we dowamly görnüşine geçmegi bolýar.

Çagalarda kelle beýniniň subtentorial täze döremeleriniň toplumlaýyn bejergisiniň netijeleri

Kelle beýniniň IV garynjygynyň täze döremesi neýroonkologiýa keseller toparyna degişli bolup, çişiň likwor ýollaryny böwetlemegi we deformirlemegi netijesinde, beýniniň ýaşaýyş üçin wajyp merkezlerine täsir edýär. Bu patologiýada ölümçilik kelle beýniniň täze döremeleriniň arasynda, has-da ýaşlarda 5-8%-ni düzýär [1]. Soňky ýyllarda täze döremeleriň hirurgiki bejergisinde uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda IV garynjygyň çişleriniň toplumlaýyn bejergisiniň esasy bölegi bolan operatiw bejergisinde kyn meseleler ýüze çykyp, hat-da geçirip bolmaýan ýagdaýlary hem duş gelýär [3]. Muňa garamazdan, edebiýat çeşmelerinde köp awtorlar öz işlerinde IV garynjygyň täze döremesini bölekleýin ýa-da doly aýrylandan soňra, 3 hepdeden geçirilen şöhle bejergisiniň toplumlaýyn bejergileriň netijeliligini ýokarlandyrýanlygyny belleýärler [2, 4]. Häzirki wagtda kelle beýniniň IV garynjygynyň täze döremeleriniň operasiýasyndan soňra geçirilýän şöhle we himiobejergilerinden gysga wagtlyk oňaýly netije gazanylýanlygyna garamazdan, 5-9% näsaglarda ýaşaýyş dowamlylygy 5 ýyl bolup galýar.

Çanaklyk-but bognunyň displaziýasyny anyklamakda ultrases barlagynyň kliniki ähmiýeti

Ilatyň saglygyny goramaga, berkitmäge we keselçiliginiň öňüni almaga geçirilýän işleriň arasynda enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir [1, 2]. Çaga hirurgiýasynyň we ortopediýasynyň wajyp meseleleriniň biri daýanç-hereket ulgamynyň kesellerini irki döwürlerde anyklamak, bejermek we maýyplygyň öňüni almakdyr. Doga kemislikleri anyklamakda ortoped lukmanyna bir ýaşdan, ýagny çaga ýöräp başlamagyň öň ýany ýüz tutýarlar, şol sebäpli bejergi, köplenç, giç başlanýar. Çaga ýöräp başlandan soň bolsa kesel agyrlaşýar, süňklere, bogunlara agram düşüp, olar hasam üýtgeýär, konserwatiw bejerginiň kömegi azalýar we gaýra üzülmeleriň sany artýar.

Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň gözüniň anatomik düzüminiň ösüş dinamikasy

Türkmenistanyň raýatlarynyň, esasan, çagalaryň saglygyny goramak ýurdumyzyň milli saglygy goraýşynyň ösüşiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýar [1]. Dünýä maglumatlaryna görä, çagalarda pes görüjiligiň esasy sebäpleriniň biri bolan refraksiýanyň bozulmalary (miopiýa, gipermetropiýa, astigmatizm) birinji orny eýeleýär, ol bolsa refraksiýanyň bozulmalarynyň ýokary lukmançylyk-sosial ähmiýetlidigini görkezýär we şol sebäpli, çagalarda refraksiýany şertlendirýän gözüň biometrik ölçeglerini öwrenmek esasy mesele bolup durýar. Bilşimiz ýaly, refraktogenez diňe bir çaganyň enesiniň göwresindäki ösüş döwri bilen çäklenmän, eýsem, dogrumdan soňky ontogenezde hem işjeň dowam edýär. Bu döwürde gözüň ösüşini kadalaşdyrýan adaty mehanizmleriň bozulmagy refraksiýanyň bozulmalarynyň döremegine sebäp bolup biler. Şol bir wagtyň özünde, bu mehanizmleriň öwrenilmegi refraksiýanyň postnatal emele gelmeginiň düýp manysyna düşünmäge, bu hadysa gözegçilik etmäge ýa-da belli bir derejede, oňa gönüden-göni täsir etmäge mümkinçilik berer. Gözüň biometrik we biomehanik aýratynlyklary, has takygy, gözüň gurluşynyň anatomo-optik görkezijileriniň we biomehanik häsiýetleriniň arasyndaky baglanyşyk refraktogeneze täsir edýän möhüm faktorlar bolup durýarlar [2]. Çagalarda

Içege mikroflorasynyň we semizligiň özara baglanyşygy barada häzirki zaman garaýyşlar

Ýer ýüzünde 500 mln-dan gowrak adamda artykmaç beden agramy (beden agramynyň indeksi (BAI) – 25-29,9 kg/m²) bardyr we 250 mln adam semizlikden (BAI – 30 kg/m²) ejir çekýärler. Ähli ýerlerde semizligiň we onuň bilen baglanyşykly bolan keselleriň, şol sanda süýjüli diabediň 2-nji tipiniň, ýürek-damar keselleriniň we bagryň alkogolsyz ýagly keseliniň ýaýramagynyň ösüşi bellenilýär. Artykmaç agram çagalarda has ýygy duş gelýär we bu epidemiýanyň mundan beýläk hem dowam etjekdigini ylmy maglumatlar görkezýär [5]. Häzirki zaman jemgyýetine mahsus bolan az hereketli ýaşaýyş şertleri, uglewodly iýmitleriň we süýji içgileriň köp mukdarda kabul edilmegi, bedene düşýän energiýanyň sarp edilýänden köp bolmagy bedende ýagyň artykmaç toplanmagyna getirýär. Soňky ýyllarda içege mikroflorasynyň köp keseller bilen, şol sanda süýjüli diabet, ateroskleroz, içegäniň gaýnaglama keselleri bilen özara baglanyşygyny görkezýän köp ylmy işler peýda boldy [7, 12]. Adam bedeni mikrobiota bilen metaboliki integrasiýa diýlip atlandyrylýan hadysa sebäpli «hyzmatdaşlyk edýär» [1]. Şeýlelikde, adam mikroorganizmlerden köp sanly esasy metabolitleri, şol sanda gysga zynjyrly ýag turşulary (GZÝT) alýar [7]. Iýmitiň şol bir mukdary kabul edilende we deň fiziki agramda beden agramynyň ýokarl

Melhem çaýlaryň düzümindäki witaminleriň mukdary

Witaminler adam bedeninde madda alyş-çalşygyna, nerw-endokrin sazlaşygyna, immunobiologiki hadysalara, goranyş mehanizmlere, ganyň emele gelmegine, lagtalanmagyna we başga-da birnäçe funksiýalara täsir edýärler. С, Р, К we А witaminleri adam bedeninde aýratyn orunlara eýedirler. Olaryň bolmazlygy ýa-da ýetmezçiligi, köplenç ýagdaýlarda birnäçe keselleriň döremegine getirýär [1]. Adam bedeninde askorbin turşusy (C witamini) köp sanly alyş-çalyş hadysalaryna gatnaşýar. C witamini kapillýarlaryň diwarynyň berkligini ýokarlandyrýar, sowuklama garşy täsirleri ýüze çykarýar, ýokanç kesellere garşy bedeniň durnuklylygyna ýardam edýär. P witamini C witaminiň özleşmegini, transportyny we dokumalarda toplanmagyny üpjün edýär, bedendäki holesteriniň dargamagyny güýçlendirýär, öt çykaryjy, gepatoprotektor täsirlere eýedir. K witamini bagyrda protrombiniň emele gelmegi we alyş-çalşygy üçin zerur bolup, damar diwarlarynyň berkligini ýokarlandyrýar, kapillýar damarlarynyň syzyjylygyny peseldýär, beloklaryň, esasan, iýmit siňdiriş fermentleriň sintezini işjeňleşdirýär, ýatgynyň ýygrylmagyny güýçlendirýär, ganyň lagtalanmagyny ýokarlandyrýar. Karotinoidler (A prowitamin) – A witaminiň başlangyçlary bolup, olar diňe ýokary derejeli ösümlikler tarapyndan sintezlenýär. Ol adam

Anomal ösüşli ýeke-täk böwregiň kesellerinde birtapgyrlaýyn operasiýalary geçirmekligiň mümkinçiligi

Ýiti iriňli piýelonefritiň (apostematoz piýelonefrit, böwregiň karbunkuly, abssesi) bejergisi diňe operatiw usul arkaly amala aşyrylýar – böwregiň dekapsulýasiýasy, iriňli ojaklary kesmek, şeýle-de, peşewakaryň geçirijiligi bozulanda böwregi drenirlemek ýerine ýetirilýär. Piýeloureteral segmentiň daralmasynda, peşewakaryň geçirijiligini dikeltmekligiň ikinji tapgyrda geçirilýändigi edebiýat çeşmelerinde bellenilýär [1-4]. Ýöne gaýtadan geçirilmeli dikeldiş opersiýanyň tehniki taýdan örän kyn bolýandygy, käbir ýagdaýlarda şol operasiýany ýerine ýetirip bolmaýanlygy sebäpli, näsaglaryň nefrostoma drenažly ýaşamaly bolýanlygy hakynda maglumatlar hem az däl [5, 6]. Bu bolsa näsagyň ýaşaýşynyň hiliniň peselmegine getirýär. Şol bir wagtyň özünde amaly hirurgiýada, köplenç, operatiw bejerginiň görnüşini we göwrümini her anyk ýagdaýa laýyklykda, indiwidual çemeleşmäniň netijesinde çözmek zerurlygy ýüze çykýar. Biz elýeter edebiýat çeşmelerinde böwrekde köp sanly abssesleriň döremegine getiren ýeke-täk böwregiň piýeloureteral segmentiniň daralmasy boýunça bir tapgyrda ýerine ýetirilen operasiýalar hakdaky maglumatlara duş gelmedik. Biz öz iş tejribämizde duş gelen hadysany beýan etmegi makul bildik.