Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri ýurdumyzyň ylmy işgärlerinde uly gyzyklanma döredip, täze ylmy gözleglere, ylmy derňewlere itergi berýär [1].
Mälim bolşy ýaly, lukmançylykda dermanlyk serişdelerini elýeterli etmeklik esasy meseleleriň biridir [2]. Bu talaplar bolsa, ilki bilen, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan derman serişdelerine degişli bolup durýar. Mundan ugur alyp, buýan ösümliginiň kökünden alnan gaýnatmalar babatda maglumatlar anyklandy.