Ýer ýüzünde 500 mln-dan gowrak adamda artykmaç beden agramy (beden agramynyň indeksi (BAI) – 25-29,9 kg/m²) bardyr we 250 mln adam semizlikden (BAI – 30 kg/m²) ejir çekýärler. Ähli ýerlerde semizligiň we onuň bilen baglanyşykly bolan keselleriň, şol sanda süýjüli diabediň 2-nji tipiniň, ýürek-damar keselleriniň we bagryň alkogolsyz ýagly keseliniň ýaýramagynyň ösüşi bellenilýär. Artykmaç agram çagalarda has ýygy duş gelýär we bu epidemiýanyň mundan beýläk hem dowam etjekdigini ylmy maglumatlar görkezýär [5]. Häzirki zaman jemgyýetine mahsus bolan az hereketli ýaşaýyş şertleri, uglewodly iýmitleriň we süýji içgileriň köp mukdarda kabul edilmegi, bedene düşýän energiýanyň sarp edilýänden köp bolmagy bedende ýagyň artykmaç toplanmagyna getirýär.
Soňky ýyllarda içege mikroflorasynyň köp keseller bilen, şol sanda süýjüli diabet, ateroskleroz, içegäniň gaýnaglama keselleri bilen özara baglanyşygyny görkezýän köp ylmy işler peýda boldy [7, 12]. Adam bedeni mikrobiota bilen metaboliki integrasiýa diýlip atlandyrylýan hadysa sebäpli «hyzmatdaşlyk edýär» [1]. Şeýlelikde, adam mikroorganizmlerden köp sanly esasy metabolitleri, şol sanda gysga zynjyrly ýag turşulary (GZÝT) alýar [7]. Iýmitiň şol bir mukdary kabul edilende we deň fiziki agramda beden agramynyň ýokarlanmagyna ýa-da azalmagyna dürli duýujylyk bellenilýär we muňa mümkin bolan sebäbi adamyň mikrobiomynyň dürli metaboliki işjeňligi, şol sanda içegäniň mikroflorasynyň dürli düzümi hyzmat edýär [2, 5].