Iýmitlenme adam ömrüniň hiliniň esasy görkezijileriniň birine degişlidir. Iýmitlenme düzgünleriniň bozulmagy bolsa, adamyň saglyk ýagdaýyna, esasan, agram salynmalaryň köpelýän döwürlerinde ýokary derejede täsir edýär [7, 9, 10].
Talyplar ilatyň aýratyn gatlagy bolup, ýokary töwekgelçilikli toparyna degişlidir, sebäbi olarda bedeniniň gutarnykly kämilleşmegi ýokary depginli okuw döwrüne gabat gelýär [4]. Bilim bilen baglanyşykly maglumatlaryň agdyklygy we emosional stressler okuwçylaryň saglyk ýagdaýyna belli bir derejede täsir edýär. Gün tertibiniň, iýmitlenme we dynç alyş düzgünleriniň özgermegi, mekdep stereotipiniň bozulmagy, öz wagtyny özbaşdak bölüp bilmezlik, ulular tarapyndan hemişelik we yzygiderli gözegçiligiň bolmazlygy talyplarda psihiki-emosional oňaýsyzlygy döredýär [1, 5, 8, 9]. Ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň saglyk ýagdaýy, iýmitlenmegi we iýmitlenme endikleri öwrenilen birnäçe ylmy barlaglarda psihiki stressiň iýmitlenme babatda özüni alyp barşynyň bozulmalary bilen baglydygy we onuň ýaş bedeniniň uýgunlaşma mümkinçiliklerine ýaramaz täsir edýändigi ýüze çykaryldy [6, 11].